Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Edermen badaýhanlarymyz-watanymyzyň guwanjydyr

Türkmen milleti bu gün adalat jemgyýetde, demokratik halk ýolunda ýaşaýar. Bagtyýar geljegine uly ynam bilen barýan halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 34-ýyllyk, Bitaraplygymyzyň  30-ýyllyk toýuny uly ösüşler, üstünlikler bilen garşylaýar! Özbaşdak, Garaşsyz Watanly bolmak, erk ygtyýarly ýaşamak adam üçin dünýäde iň uly bagtdyr. Halkymyz şu ýyl bu beýik arzyly bagty, Döwlet, Watan diýen beýik düşünjeleriň gadyr-gymmatyny täzeçe açan mukaddes baýramçylyklarymyzyň şanly senelerini giňden belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň, mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzdaky ösüşler, özgertmeler diňe bir haýrana goýman, has bagtly ertirlere badalga berýär.  Ynsan üçin iň ilkinji ezizlikleriň biri Watandyr. Eziz Watanyň parahatçylygynda gülläp ösmegi, adamlaryň abadan durmuşy, bol-elinlikde ýaşamagy baradaky aladalaryň rowaçlanmagy-bularyň barysy bahasyna ýetip bolmajak Bagtdyr.

 Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy depginli ösdirilýär. Pudakda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär, döwletimiz  daýhanlaryň ýokary öndürjilikli zähmeti üçin zerur şertleri döredilýar.

      Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň döwlet           syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp,  milli  Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçüligi berkitmek we ýurdumuzyň eksport mümkinçliklerini  artdyrmak, guşçulygy, maldarçylygy hemme taraplaýyn ösdürmek, gök we miwe önümleriniň möçberini artdyrmak wezipelerini wajypdygyna yzygiderli belleýär.

2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 10-na  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen , il sylagly ýaşulylaryň bissimillasy bilen  Wekilbazar etrabynyň çäginde  pagta ýygymyna ak pata berildi.

 Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat  we  şäher- etrap komitetleriniň agzybir işgärleri, işjeň agzalary bolup Mary welaýatymyzda gyzgalaňly alnyp barylýan pagta ýygymyna gatnaşyp özümiziň mynasyp goşandymyzy goşyp, ýygymçylary Agrar partiýanyň höweslendiriji sowgatlaryny gowşyrdyk. Bu bolsa edermen kärendeçileri hem-de pagta ýygymyna gatnaşýan mehanizatorlary, ýygymçylary begendirdi.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatyny ilat arasynda wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat  we  şäher-etrap komitetleriniň işjeň agzalary giň gerimli işleri alyp barýarlar. Partiýanyň işjeň agzalary ýerlerde geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň guramaçylary bolýarlar. Welaýatymyzyň agrosenagat toplumuna degişli pudak edaralarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň hünärmenleriniň, öňdebaryjy  ekerançylaryň Agrar partiýanyň agzalary bolmagy her bir möwsümleýin oba hojalyk işleriniň sazlaşykly gurulmagyna, netijeli geçirilmegine mümkimçilik berýär.

Türkmen halkyny döwletli döwrana ýetiren eziz Watanymyzy asudalykda gülledip berkarar eden,  has bagtyýar ertirlere alyp barýan, ýeneki üstünliklere, ruhubelentliklige atarýan  Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  jany sag, ömri uzak, abraý-mertebesi mundan hem belent ýurdy abadan, ili aman bolsun!

 

 

 

Kemal Akmämmedow

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat

komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň

baş hünärmeni