Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Edermen gallaçylar.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2023-nji ýylyň 29-njy iýulda gol çeken  karary boýunça Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine beren tabşyrygy esasynda ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary hem eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak bilen  2023-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin Görogly etrabymyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek boýunça degişli işler geçirildi.

       Nygtalyşy ýaly, resminamanyň maksady bugdaýyň öndürülişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekden,etrabymyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde daýhan birleşikleriň,kärendeçileriň hem-de ýer eýeleriniň ýokary öndürüjilikli zähmet çekmekleri üçin ahli zerur şertleri  döretmekden  ybaratdyr.

                   Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe  ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek,ilatymyzy özümizde öndürülýän ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barha rowaç alýar.Şu şanly günlerde berkarar Watanymyzyň daýhanlarynyň gallaçylykda gazanan zähmet ýeňişi hem şeýle diýmäge esas berýär. Halal we päk zähmeti bilen ýurdumyzyň bereket-bolçulygyna saldamly goşant goşýan biziň etrabymyzyň janypkeş ýer eýeleriniň 15 müň 500 gektar ýere güýzlük bugdaýyň ekişini üstünlikli tamamlap, geljek ýylda ýerden  29 müň 450 tonnadan gowrak guşgursak akbugdaýy önüdürmegi  göz öňünde tutýarlar. Şeýle hem etrabymyz boýunça bu jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirmekde tehniki hyzmat ediş kärhasynyň işçi hünärmenleriniň çeken zähmeti netijesinde öňde baryjy daýhan bileşikleriň irki möhletde ekiş geçirip, bu birleşikleriň ekin meýdanlaryndan alynan bugdaýyň oňat gögerişi munuň aýdyň subutnamasydyr.

              Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirmekde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Görogly etrap komitetiniň işgärleri tarapyndan wagz-nesihat işleri, medeni hyzmat çäreleri hem-de iň ökde mehanizatorlaryň görkezijileri boýunça bäsleşik esasynda sylaglamak dabaralary hem yzygiderli geçirildi

             Gallaçylarymyzyň gazanan üstünliginiň,ýeten belent sepgidiniň gözbaşynda  daýhanlaryň hak howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary durandyr.Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap  Türkmenistanyň halkyna zähmetsöýer babadaýhanlaryna,edermen gallaçylaryna ýüzlenişi ýaly,”Türkmen daýhanlaryna döwletimiz tarapyndan öndürüjilikli işlemäge,toprakdan bol hasyl öndürip,abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär”.

              Hakykatdan-da, bu gün türkmen daýhanlary, ýer eýeleri aýratyn üns-alada bilen gurşalandyr.Oba zähmetkeşleriniň ene ýere yhlas siňdirip,bol-bereketli hasyl ýetişdirmegi üçin döwlet tarapyndan ähli goldaw-hemaýatlar berilýär,olar dökün,tehnika,tohum,suw bilen bökdençsiz üpjün edilýär.Şunuň bilen baglylykda,daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmegi hem-de medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertler döredilýär.Sungat ussatlarynyň zähmetkeşleriň arasynda guraýan medeni çäreleri ekerançylyk meýdanlaryny toý-şagalaňly mesgene öwürýär,gallaçylary joşgunly zähmete ruhlandyrýar.

                       Bu gün ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerini ylmyň gazanan häzirki zaman tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek,sahawatly türkmen topragyndan bugdaýyň bol hasylyny öndürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işler oba hojalygynyň ösüşine öňyn täsirini ýetirýär.Harmanyňyza bereket edermen gallaçylar.Watanymyzyň zähmetsöýer,edermen babadaýhanlary döwlet harmanyny bol hasyl bilen doldurmakda ene ýere ekilen her bir dänäňiz müňläwersin.      

    Ynha mälim boluşy ýaly ýurdumyzda Noýabr aýynyň 2-nji ýekşenbesinde Hasyl toýy halkymyz tarapyndan uludan tutulýan berekediň nyşany bolan şu baýramçylygy bilen Gahryman Arkadagymyzy,Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ähli  türkmen halkymyzy tüýs ýüregimden gutlaýaryn.

               Şeýle tutumly işleriň sakasynda durmak bilen daýhanlarymyzyň päk  we halal zähmetiniň hözirini görüp, eşretli durmuşda ýaşamaklary ugrunda  yzygiderli alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny arzuw edýärin.Goý olaryň janlary sag bolsun, döwletli başlangyçlary has-da rowaç alsyn!

Ýazan: Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap komitetiniň Baş hasapçysy Işankulyýewa  Läle