Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ekalogiýa abadançylygy barha gowlanýar.

 

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyñ 1-nji mart güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýurdymyzda mart aýynyň 16-na köpçilikleýin bag ekmek baradaky karara gol çekdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp  dowam etdirilýändigini görkezýär. Ýurdymyzda ýylyň-ýylyna bag nahallarynyň ekilmegi, tokaý zolaklarynyň geriminiň giňeldilmegi mähriban diýarymyzyň ekologiýa arassaçylygynyň döredilmegine özüniň oňyn netijesini berýär. Çünki ekilýän bag nahallary köp ýyllaryň geçmegi bilen gür baglyklary emele getirýär. Agaçlar özüne kömürturşy gazyny siňdirip, köp mukdarda kislarody bölüp çykarýar. Bu hem bolsa dem alýan howamyzyň arassa, tämiz bolmagyny üpjin etmek bilen bir hatarda ynsan saglygyna hem oziniň oňyn täsirini ýetirýär. Hut şunuň bilen baglylykda ýurdymyzda her ýyly bahar we güýz aýlarynda bag nahallaryny ekmek, öňki bar bolan bag nahallaryna ideg etmek boýunça köpçilikleýin ýowarlar geçirilýär. Geçirilýän bag ekmek çäresine ýurdymyzyň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Çünki gözel tebigatymyzyň barha gözelleşmegine, ýurdymyzda ekalogiýa abadançylygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşmak biziň her birimiziň jana-jan borjumuz bolup durýar. Ençeme ýyllaryň dowamynda däbe öwrilip gelýän köpçilikleýin bag ekmek çäreleriniň dowamymda ekilen dürli görnüşli bag nahallary ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalaryň, köçeleriň, gara we demir ýolaryň ugurlaryny bezemek bilen gözel tebigatymyzy barha gözelleşdirýär.

Bag ekmek, köpri, ýol gurmak ata-baba nesilden nesile geçip gelýän sogaply işleriň biri hasaplanýar. Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgylarynda “Bilbiller saýraýan howaly baglar, Hazan urup, serwi-reýhan göteriler” ýa-da bolmasa, Altmyş elwan, ýetmiş dürli iýmişler, Agaçdan aýrylar, güýze myhmandyr” diýen şeýle sözler bar. Ýada bolmasa Türkmen halkynyň görnükli şahyry Gara Seýitliýewiň  “Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär dünýäň kitabynda onuň ady bar” diýip bellemegi, şeýle hem il içinde aýdylýan “Adam bagdyr-zähmet bagban”, “Bag bakja seniň howlyň lybasydyr”, “Bag barsyz bolmaz at timarsyz”, “Bagym bar barym bar”, “Bag aýdypdyr – bak maňa bakaýyn saňa”, “Bir nahal ekseň ýaşyň baky”, “Bir ýyl tut ekseň ýüz ýyl altyn alarsyň” nakyllaryň aýdylyp biziň günlerimize çenli ýetip gelmegi bag ekmek ýaly sogaply iş bilen ata-babalarymyzyň hem meşgullanandygyny, bu işe uly üns berendigini görkezýär. Ata-baba ýol ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen mynasyp dowam etdirilýär.

      Ýurdymyzyň ekalogiýa abadançylygynyň gowlanmagy, mähriban Diýarymyzyň gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrilmegi ugrynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.  

Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç  etrap  komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar Hojahmetowa