Döwletimiziň oba hojalygynda alynyp barylýan işler gün-günden öz netijesini berýär.Daşoguz welaýatynyň Şabat etraby boýunça 18500 gektar ýer meýdanyna pagta ekilip şu günler-de ýer meýdanlarda zyýankeşlere garşy göreş çäreleri geçirilip dur.Zyýankeşlere garşy göreş çäreleriniň iň oňaýlysy we ekologiki taýdan arassa bolan ussularyň biri-de biologiki usuldyr.Şabat etrabynda jemi 16 sany biokärhana hereket edýär. Häzirki günde etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde,daýhan hojalyklarynda ekilen gowaça meýdanlarynda zyýanly mör möjeklerden goranmak üçin biolobaratoriýada Altyngözlüje, Trihogramma we Gabrabrakon önümleri ýetişdirilýär.Etrap boýunça 16 müň 151 gektar meýdana Altyn gözlüje liçinkasy, 15 müň 558 gektar meýdana Trihogramma, 2607 müň gektar meýdana Gabrabrakon önümleri goýberildi. Etrabymyzyň Beruni, Bossan, Nowbahar daýhan birleşikleriniň bioloboratorýasynda önüm öndüriş işi has-da ýokarlanýar we beýleki daýhan birleşiklere görelde bolýar diýip etrabyň Ösümlikleri goramak gullugynyň baş hünärmeni Mahmud Ýuldaşow biz bilen söhbetdaş boldy.
TAP-nyň Şabat etrap komitetiniň hasapçysy Nodira ALLAMOWA