Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ekinleriň ygtybarly goragy

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda geçirýän düýpli özgertmeleriniň netijesinde gowaçanyň hasyllygy ýyl ýyldan artýar. “Pähim paýhas ummany-Magtymguly pyragy ýylynda gowaçanyň bol hsylyny öndürmegi maksat edinýän kärendeçiler irginsiz alada edýärler. Kärendeçiler bilen birlikde gowaçanyň bir kemsiz ösdürilip ýetişdirilmegi üçin Biolobratoriýa işiniň alynyp barylmagy örän uly ähmiýete eýedir.   

Şabat etrabynda 14 sany biolobaratoriýa we 2 sany biofabrik ýerleşýär. Häzirki günde etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda ekilen gowaça meýdanlarynda zyýanly mör-möjeklerden goramak üçin biolobaratoriýada altyn gözlüje trehogramma we gabrabrakom önümleri ýetişdirýär. Biolobratoriýa kärhanasy güýçli depginde iş geçirip dur.

“Azatlyk” daýhan birleşiginiň biolobratoriýasy önümlerini öndürmekde ýokary biolobratoriýa müdiri Ýusupbaý Kupaýsinow göreldeli iş alyp barýandygy üçin etrap häkimligi tarapyndan hormat haty bilen sylaglandy. Ondan başga-da “Dostluk” daýhan birleşiginiň biolobratoriýa müdiri Maňligül Atajanowa we biolaborant Mehriban Matýusupowa hem ilkinjileriň hatarynda iş alyp barýarlar diýip Şabat etrabynyň ösümlikleri goramak gullugynyň baş hünärmeni Ibragim Matýakubow buýsanç bilen gürrüň beýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Şabat etrap komitetiniň başlygy  Akmyrat Garajaýew