Köneürgenç etrabynyň Kyrkgyz daýhan birleşigi ähli oba hojalyk işlerinde öňde saýlanýar. Şu günlerde barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýan gowaça ekişinde hem bu daýhan birleşigiň kärendeçileri ýokary görkezijilere eýe bolýar. Şu ýyly hojalykda 1360 gektar ýere gowaça ekişini geçirmeklik bellenen. Bu ugurda kärendeçileriň 100-den gowragy arman ýadaman zähmet çekýärler. Ýakynda biz daýhan birleşigiň başlygynyň orunbasary Baýram Musaýew bilen söhbetdeş bolanymyzda gowaça ekişiniň gidişi barada şeýle gürrüň berdi.
- Ekiş möwsümine birkemsiz taýýarlykly geldik. Şonuň netijesinde gowaça ekişi bellenen meýilnama laýyklykda barýar. Ekiş möwsüminde daýhan birleşigiň 5-ny tehnikalary bilen bir hatarda etrap obahyzmat önümçilik birleşiginiň hem 3-tehnikasy kömege gelip ekişe işjeň gatnaşýarlar. Sürüm işlerini geçirmezden ozal her gektaryna 100 kg korbamit dökünini berýäris. Sürüm, mala basmak, ekiş geçirmek ýaly işler köp iş ýyllyk tejribesi bar mehanizatorlara ynanylyp, olar ähli işleri agrotehnikanyň talaplaryna görä berjaý edýärler. Göreldeli mehanizatorlardan Arazmyrat Sapaýew, Gurbanmyrat Gurbanow, Azat Garlyýew dagylary görkezmek bolar. Olaryň birleşen tagallalary bilen her güni 25-30 gektar ýerde ekiş geçirilip, şu günki güne çenli 400 gektar ýerde ekiş geçirildi. Irki möhletlerde ekiş geçiren kärendeçiler Bibigül Saryberdiýewa, Aýsoltan Amangylyjowa, Hemra Annalyýew, Saparmyrat Gulpakow dagylary aýtmak bolar. Döwletimiz tarapyndan kärendeçileriň işe bolan höwesini artdyrmak, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi biz oba hojalykçylara öňkiden-de gaýratly zähmet çekmäge uly badalga berýär. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýok-diýip gürrüň berýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA