Köneürgenç etrabynyň ähli daýhan birleşiklerinde gowaça ekişi barha ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär. Bu jogapkärli möwsümi öz wagtynda talabalaýyk geçirilmegi ugrynda ähli işçi düzüm sazlaşykly hereket edýärler. Hakykat daýhan birleşiginde hem gowaça ekişi möwsüminde ähli işleriň utgaşykly alnyp barylmagy netijesinde ekilen ýerleriň gektar sany barha artýar. Şu ýyly hojalykda 60-dan gowrak pagta kärendeçiler 820 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşdylar. Ekiş möňwsüminde dürli kysymly tehnikalaryň 6-sy gije gündiziň dowamynda saz işledilmegi gaznylýar. Bu tehnikalar daýhan birleşide we etrap obahyzmat önümçilik dolanşyga degişli tehnikalar. Olar ýerleri sürmekde, mala basmakda, ekiş geçirmekde, tohum, dökün daşamakda peýdalanylýar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy netijesinde her güni 10 gektar ýerde ekiş ýokary hilli geçirilýär. Göreldeli mehanizatorlardan Täzemyrat Arazjykow, Aýdogdy Myratjykow, Gurbanmyrat Gulmyradow, Artykmuhammet Pirjikow dagylary görkezmek bolar. Şu günler ekiş daýhan birleşigi Pirjan Baýramow, Soltanmyrat Şamyradow ýolbaşçylyk edýän 3-nji, 7-nji kärendeçiler toparynda dowam edýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA