Hormatly Prezidentimiz mart aýynyň 15-i güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Ýurdymyzyň Ahal, Balkan,Lebap Mary welaýatlarynda gowaça ekişine mart aýynyň 20-ne, Daşoguz welaýatynda mart aýynyň 27-ne girişmäge ak pata berip, il sylagly ýaşulylara bissimilla bilen gowaça ekişine başlap bermegi haýyş etdi. Hormatly Prezidenimiziň ak patasyndan ruhlanyp, il sylagly ýaşulylarymyzyň bissimillasy bilen Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlary şu güni gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Gowaça ekişine girişilmegi mynasybetli dabara welaýatymyzyň Ruhubelent etrabynyň Aşyk-aýdyň daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda geçirildi. Dabaranyň geçiriljek ýeri toý lybasyna bürenep, türkmeniň alty ganat ak-öýleri dikildi, Oba hojalyk pudagy bilen dahylly köp öwüşgünli sergiler guraldy, aýdym-sazyň hoş owazy belentlere ýaň saldy. Çärä il sylagly ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz, welaýat, etrap häkimlikeriniň, jemgyýetçilik guramalaryň jogapkär işgärleri, öňdebaryjy kärendeçiler, bagtyýar ýaşaýjylarymyz gatnaşdylar. Dabaranyň geçirilen ýerinde giň göwrümli sergileri synlanyňda ata Watanmyza bolan begenç buýsanjyň has-da artýar. Çünki bu sergiler ýurdymyzyň ähli babatynda ösüşini giňden açyp görkezýär. Dürli kysymly tehniklaryň, bejergi we beýleki tirkeg gurallarynyň uzyn hatarlary, dürli görnüşli tohumlaryň, ekinleri zyýankeşlerden goraýan himiki serişdeleriň sergileri şeýle hem gök-bakja, miwe, çörek we çörek önümleriniň, dokma önümleriniň dürli görnüşleri ýurdymyzda oba hojalyk pudagynyň ýokary derejelerde ösýändigini giňden açyp görkezýär. Gelin-gyzlarmyzyň dürli görnüşli el işleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, şaý seplerimiziň köp öwüşgünli sergileri ene-mamalarymyzdan galan milli gymmatlyklarymyzyň häzirki döwürde hem gorap saklanýandygyny, mynasyp dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar.
Dabaranyň dowamynda çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenler peder ýolyny Mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen ýurdymyzyň oba senagat toplumyny ösürmek, kärendeçileri bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmekligi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler. 2024-nji ýyldan başlap pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden kararynyň daýhanlarmyz üçin örän bir şatlykly wakalaryň biri bolandygy, kärendeçileri öňkiden-de gaýratly zähmet çekmäge, bol hasyl ösüdrip ýetişdirmäge uly badalga boljakdygy barada aýratyn belläp geçdiler. Soňra uly şatlyk şowhun bilen ilkinji gowaça tohumlary bereketli meýdanlara atyldy. Ýaşulylarymyz tuhumynyz müňläbersin diýip birek birege ýagşy azuw niýet aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň kärendeçi babadaýhanlar üçin alyp beren ýokary iş öndürjilikli tehnikalary ekişe girişip, biraz wagtyň içinde gönü hatarlary emele getirdi. Bu ýerde welaýat medeniýet-sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Olar özleriniň aýdym-sazly çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň döwletli işlerini, ýurdymyzyň bedew batly ösüşlerini, täze döwrümizi, päk zähmeti wasp etdiler. Şu güni welaýatymyzyň ähli etraplarynda, daýhan birleşiklerinde gowaça ekişine guramaçylykly girişildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen ýurdymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Kärendeçileri ýokary hilli tohum, dökün, suw bilen doly üpjin edilmegi, daşary ýurtlaryň iň kämil tehnikalary olaryň tirkeg gurallarynyň satyn alnyp berilmegi, Uzak möhletleýin ýer bölekleriniň berilmegi, 2019-njy ýyldan başlap kärendeçileriň öndüren önümleriniň gaýtadan işlenen iýmlik önümleriniň 50 göteriminiň döwlet tarapyndan düzgünleşdiren bahalardan kärendeçilere berilmegi şeýle hem 2024-nji ýylda başlap pagtanyň bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýurdymyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ine şular ýaly uly mümkinçiliklerden göwünleri galkynan kärendeçi babadaýhanlar, döwletimiz tarapyndan edilýän şeýla aladalara jogap edip her ýyly oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ösdürip ýetişdirýärler. Munuň özi ýurdymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagyna, azyk bolçylygynyň döredilmegine uly mümkinçilik berýär. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, etrap komitetleriniň işgärleri beýleki jemgyýetçilik guramalar bilen bilelikde möwsümleýin meýdan işleriniň gyzgalaňly dowam edýän döwründe oba zähmetkeşleriniň aralarynda bolup, olaryň armasynyny ýetirýäris, meýdan işleriniň alnyp barylşy barada pikir alyşýarys, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kämilleşdirmek bilen bagly kabul eden kararlaryny wagyz-nesihat edýäris, öňdebaryjy oba hojalykçylary hormat hatlar, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglaýarys. Munuň özi oba zähmetkeşleriniň işe bolan höwesini artdyryp, möwsümleýin meýdan işleriniň ýokary depginlerde girmegine özüniň oňyn täsirini berýär. Bize işlemäge şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Tohumlaryňyz müňlesin Gahryman Arkadagymyz, Tohumlaryňyz müňlesin Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Tohumlaryňyz müňlesin edermen babadaýhanlar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Çynar Berdikulyýewa.