Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy gorap saklamak wezipesi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda saýaly we miweli bag nahallaryny oturdyp, ýaşyl zolaklary döretmek, suw-ekologiýa wezipelerini çözmek, atmosferanyň hapalanmagynyň öňüni almak, howanyň üýtgemegine garşy aýgytly göreş çärelerini ýaýbaňlandyrmak babatdaky tagallalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bag ekmek, mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga, göze ýakymly ýaşyl ýazlara beslemek ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny durnukly gowulandyrmaga uly goşantdyr. Tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak, ülkämizi geljek nesiller üçin abadan, arassa, ýaşamak üçin amatly ýagdaýda miras goýmak belent adamkärçilikden nyşandyr.
Ýurdumyzda ekologiýa adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda abadançylygyň mönüm ugry hökmünde aýratyn üns berilýär. Mähriban Arkadagymyz öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli däplere esaslanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri hökmünde ekologiýa abadançylygyna uly ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkidýär. Türkmenistan iri we abraýly halkara guramalary bilen bilelikde ýakyn gatnaşykda ylalaşyklaryň, bilelikdäki maksatnamalaryň, taslamalaryň çäklerinde giň halkara hyzmatdaşlygy guraýar. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet derejesinde esasy ugurlaryň biri bolmak bilen, tebigatyň gözelligini, suw baýlyklaryny, ýer-toprak we biologik baýlyklary rejeli peýdalanmak, howanyň hapalamagyny azaltmak, çölleşmä garşy göreşmek ýaly işler döwlet derejesinde giň gerimli hem toplumlaýyn alnyp barylýar. Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, milli seýilgähleri, syýahatçylyk, dynç alyş zolaklaryny döretmek babatda hem möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň yhlasy bilen açylyp ulanylmaga berlen “Altyn asyr” Türkmen köli ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle nusgalyk çäreleriň aýdyň mysalydyr. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň nobatdaky tapgyryny, beýleki suw desgalararyny gurmak boýunça zerur bolan işler amala aşyrylýar. Şäherleri, şäherçeleri, oba ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak, täze desgalary we binalary gurmak hem ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýy gowulandyrýan çäreler bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegi daşky tebigy gurşawy aýawly saklamaga, ýurtda ekologiýa howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, bu işler dünýä jemgyýetçiliginiň hem giň goldawyna eýe bolýar. Has takygy, Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Rezolýusiýalary bilen ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleriniň goldanylmagy hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändigini aýdyň görkezdi. Milli Liderimiziň tagallasy bilen merkezi Garagumda “Bereketli Garagum” döwlet goraghanasynyň döredilmegi hem örän uly ähmiýete eýe boldy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň tebigaty goramak boýunça toplan tejribesi dünýäniň aýratyn gyzyklanmasyna eýe bolýar. Ýurdumyzda “Ekologiýa maglumaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň durmuşa ornaşdyrylmagy her bir raýatyň daşky gurşawymyzyň ýagdaýy we tebigy baýlyklar barada maglumatlary öz wagtynda doly we wagtynda almaga bolan hukuklaryny üpjün etmekde, şeýle-de ekologiýa maglumatlarynyň berilmegini düzgünleşdirmekde hukuk esas bolup hyzmat etmäge gönükdirilendir. Şeýle bähbitli işleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolan ekologiýa diplomatiýasynyň kämilleşdirilmegine hem uly ähmiýet berilýär. Çünki ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ekologoýa meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmegiň wezipelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna önjeýli goşant goşmagy häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň dünýä ösüşine çuňňur alaralaşmagyna we bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde giň mümkinçilikleri açýar. Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasy netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Şeýle döwletli işleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize jan saglyk, tutumly işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris!
Aýnatäç Nedirowa,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher
komitetiniň esasy hünärmeni