Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ekologiýa abadançylygy ýaýbaňlanýar

Milli Liderimiziň başyny başlan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaçylygynda üstünlikli dowam etdirilýan  ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek, saýaly we miweli baglary oturtmak barada alyp barýan döwletli syýasaty netijesinde Diýarymyzyň tebigaty barha gözelleşýär.

Sanlyja ýyllaryň dowamynda ekilip, idedilip, günsaýyn boý alýan tokaý zolaklary bu gün oba-şäherlerimiziň daş-töweregini, şäherara ýokary tizlikli ýollaryň gyralaryny bezeýär. Ýaşyl öwsüp oturan arçalyklary göreniňde gözleriň nurlanyp, kalbyňda watandaşlarymyzyň yhlasy bilen gözelleşýän tebigatymyza bolan buýsanç döreýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylda bag ekmek möwsüminde ata Watanymyzyň dürli ýerlerinde jemi 3 million düýp bag nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň tebigatynyň barha gözelleşmegine uly goşantdyr.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň hünärmenleri hem-de işjeň agzalary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky taglymatynyň has-da rowaçlanmagy üçin yzygiderli çäreleri geçirýärler.  Ýagny ýurdumyzyň çägindäki edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, harby bölümlerde, mekdeplerde we çagalar baglarynda bolup, ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek barada milli Liderimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatyny içgin düşündirýärler hem-de ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada wagyz edýärler.

«Köpri gurmak, ýol çekmek hem-de bag ekmek örän sogap iş hasaplanýar. Bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr, ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda hormatly Prezidentimiziň we Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, ähli türkmen halkymyz bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz bize ähli işde beýik mugallym, görelde bolup zähmetsöýerligiň, watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezip, agzybir türkmen halkymyz bilen tebigata aýawly garamak, bag ekmek däp-dessuryny ýöredýär. Ekilýän baglar tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşýar, toprak-howa şertlerimizi gowulandyrýar, iň esasy zat bolsa döwletimiziň baş baýlygy bolan adam saglygynyň aladasy edilýär.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» bölüminde şeýle belläp geçýär:

«Ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmagy öwretmekdir. Tebigata söýgi döretmek, ýaş nahallara ideg etmegi öwretmek terbiýesi bedeniň arassa howada işjeň hereketde bolmagy bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi ýaş nesillerde rehimdarlygy, sahawatlylygy kemala getirmekde hem bähbitli bolar». Halkymyzda: «Zähmet — soňy rehnet» diýilýär. Bag ekmek diýmek munuň özi topragymyzy gülletmek, ösümlik we haýwanat dünýämizi baýlaşdyrmak diýmekdir. Baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň dürli görnüşlerini ekmek bilen biz ýaşlarda zähmetsöýerligi, watansöýüjiligi, ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýeleýäris.

Zähmetsöýerlik barada «Paýhas çesmesi» kitabynda, «Miweli bagyň başy aşak», «Bag timarsyz bolmaz», «Agajy ýaşlykdan bük», «Ýüz düýp agaç eken oduna gitmez», «Bag ekmedik kölegede saýalamaz» diýen nakyllarda beýan edilýär. Bag ekmek adam saglygyna oňaýly täsir edýär, adam daş-töwereginiň gözelliginden dynç alýar, şatlanýar, ruhy lezzet alýar, ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda zähmete bolan beýik söýgi terbiýelenýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremegiň howa şertlerini gowulandyrmakda ähmiýeti uludyr.

Halkymyzda bag ekmek, guýy gazmak, köpri gurmak iň bir sogaply iş hasaplanýar. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek çärelerine işjeň gatnaşyp, eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine goşant goşmak uly bagtdyr!

Goý, bize bag, gül, dermanlyk ösümlikleri ekmek bagtyny peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri baky rowaç bolsun!

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Ogulgerek Şalykowa