Tebigat durşy bilen gözellik. Ony gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ählimiziň borjumyzdyr. Tebigatyň goralyp saklanmagy ynsan saglygyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ekologiýa degişli kabul edilýän kanunlaryň esasy maksady daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsini, şeýle hem ilatymyzyň saglygyny goramaklyga gönükdirilendir.
Berkarar döwletimizde daşky gurşaw bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde saklanýar. Her ýyl millionlarça düýp bag nahallary oturdylýar. Munuň halkymyzyň taryhy tejribesine esaslanýandygyny bellemelidiris. Çünki asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz bagy, ekinzarlygy berekediň, eşretli durmuşyň egsilmez çeşmesi hasaplapdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe yhlas siňdirilip ýetişdirilýän agaç nahallary eziz Diýarymyzyň gür baglyga öwrülmegini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär, bagy-bossanlyga öwürmek babatda giň möçberli işler amala aşyrylýar, gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek barada wagyz-nesihat we düşündiriş işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda möhüm ähmiýetli başlangyçlary ekologiýa taýdan ähliumumy wezipeleri çözmegiň, suw serişdelerini gorap saklamagyň, tebigaty goramagyň çözgütlerini tapmagyň möhüm guraly hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Mähriban Arkadagymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda we halkara derejesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, bu ugurda gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanşykly çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda alnyp barylýan işler uzak geljegi nazarlaýar. Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolan toplumlaýyn işler ählumumy abadançylygy, bagtyýar durmuşymyzy üpjün edýär. Munuň üçin biziň Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýok. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerine elmydama rowaçlyklara beslensinǃ
Gülbahar Baýrammämmedowa, TAP-yň Balkan welaýat komitetiniň esasy hünärmeni