Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem ata Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözel tebigatyny aýawly saklamakdan, ony geljek nesillerimize ýetirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda ýer, suw we biologik serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologik köp dürlüligi goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Tutuş dünýä ýüzünde daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak möhüm meseleleriň birine öwrülýär.
Türkmenistan döwletimizde alnyp barylýan öňden görüjilikli ekologiýa syýasatynyň guwandyryjy netijeleri berýändigine ähli ýerlerde syn etmek mümkin. Bu babatda aýdylanda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda ýazky, güýzki bag ekmek möwsümine dabaraly ýagdaýda, agzybirlik bilen badalga berilmegini mysal getirmek ýerlikli bolar. Çünki bu başlangyç häzirki dowam edýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem ýurdumyzda millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdyljakdygyna, şeýlelikde, tebigatymyzyň has-da gözel, dem alýan howamyzyň tämiz bolmagyna ýene-de uly goşant goşuljakdygyna şaýatlyk edýär. Elbetde, ýurdumyzda tebigaty goramak, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleriň ygtybarly çözülmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatlaryny bellemek aýratyn zerur bolup durýar.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisindäki çykyşynda ýedi sany ugur boýunça umumylaşdyrylan baş maksatlary beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz şeýle möhüm maksatlaryň hatarynda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek ugrunyň hem wajypdygyny nygtady. Daşky gurşawy goramak babatda milli kanunçylyk ulgamynda kabul edilýän täze kadalaşdyryjy hukuknamalar, bu derwaýys meseläniň döwlet tarapyndan üns merkezinde saklanylýandygyny aňladýar. Türkmenistan ekologiýa çygryndaky halkara konwensiýalara, ylalaşyklara we şertnamalara goşulmak bilen, halkara kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrýar. Bu bolsa baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä möçberinde ekologiýa meseleleriniň oňaýly we hemmetaraplaýyn bähbitli çözülmegine mynasyp goşant goşýandygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýete höwes döretmegiň nusgasyny alyp barýan ýurt hökmünde Türkmenistan “ýaşyl ykdysadyýetiň” dünýä tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda, hojalygyň ähli pudaklarynda “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ornaşdyrýar. Bir söz bilen aýtsak, “ýaşyl ykdysadyýet” ýörelgesi ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan, gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge hem hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde barha berkeýän ornuny üpjün edýän eksport mümkinçiliginiň möçberini has-da artdyrmaga şert döredýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni: Gurbangül Baýramkulyýewa.