Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-Watanymyzda ekologiýa sowatlylygyny üpjün etmek işleri döwlet syýasatymyzyň ulgamlaýyn ýörelgesine öwrüldi
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtap belleýşi ýaly bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň depginini güýçlendirmekde tebigaty goraýyş maksatly raýat institutlaryň işjeňligini artdyrmak maksatly ýörite hünärmenleri taýýarlamak we ilatyň ekologiýa sowatlylygyny güýçlendirmek şu günümiziň we geljegimiziň gaýragoýmasyz wezipeleri bolup durýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan “Tebigaty goramak hakynda”, “Ätiýaçlandyryş hakynda”, “Ekologiýa andidi hakynda”, “Ýer kodastri hakynda”, “Türkmenistanyň Kanunlarynyň tokaý hojalygy hakynda”, “Ýer hakynda”, “Suw hakynda” kodeksleriň we beýleki kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginiň we durmuşda dabaralanmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen belläp geçmelidiris. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy bilen dünýäde tapawutlanýan Garagum sährasy arassa howasy, gözel tebigaty bilen bizi mydama özüne teşne edýär. Ýurdumyzda şeýle gözel tebigaty bilen bizi özüne maýyl edýän Repetek, Amyderýa, Köýtendag, Hazar, Bathyz ýaly döwlet tebigy goraghanalar hereket edýär. Bu döwlet goraghanalaryň ählisinde hem ýurdumyzyň gyzyl kitabyna giren haýwanat we ösümlik dünýämiziň iň naýbaşylary döwlet tarapyndan goralýar we geljekki nesle ýetirilýär, ýitip gitmek howpunyň öňüni almak maksatly köpeldilýär. Arkadagly Gahryman Serderymyzyň ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmekde döwlet tebigy goraghanalarymyzda hem durmuşa geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Oguzhan eýýamyndan bäri pederlerimiz tebigata aýawly göz bilen seretmekde, daşky gurşaw bilen bir jan – bir ten bolup ýaşamakda, tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesle ýetirmekde, tebigata bolan söýgini nesil terbiýesinde esasy ýörelgä öwürmekde baý tejribe toplap bize miras galdyrypdyrlar.
Garaşsyzlyk ýyllaryna çenli ata-babalarymyzyň tebigata aýawly göz bilen seretmek baradaky atalar setirleri, rowaýatlar, tymsallar halkymyza tebigaty goramakda, söýmekde daşa ýazylan umumyhalk ýörelgelerine öwrülipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň paýtagtymyzda we welaýatlarda agyz suw zawodlaryny gurdurmaga, hat-da ekologiýa taýdan arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi, Hazar deňziniň suwyny süýji suwa öwürmek boýunça başlangyçlar, Altyn Asyr Türkmen kölünde döredilen suw gorlarymyz bu işleriň ählisi biz damjasy zere, düre, hazyna deňelýän suw bolçulygyny üpjün etmekde durmuşa geçiren Gahrymançylykly işlerdir. Bu ýörelgeler häzirki hem ýaş nesil üçinem, dürli ýaşdaky ildeşlerimiz üçinem ýörelge, nusga alarlyk mekdepdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagmyzyň ekologiýa syýasatyny üstünlikli, ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tebigatyň gözelligini we baýlygyny gorap saklamak, tebigy gorlaryny tygşytly peýdalanmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde miweli, saýaly, pürli agaçlary ekip, täze tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen baglara degişli ideg etmek meselesine uly üns berýär. Muňa Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine işe girişen ilkinji gününden ýurdumyzda ýazky bag ekiş dabarasyna badalga bermek işinden başlamagyda aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Konstitusyýasyna laýyklykda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimýet edaralarynyň baş wezipesidir diýlip Esasy kanunymyzda bellenilendir. Her bir adamyň saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada takyk maglumat almaga, ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk ýüze çykanda saglygyna, emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini talap etmäge hukugy bardyr. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr.
Ekologiýa abadançylygy, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, süýji suw gorlarynyn tygşytly ulanmak, çölleşmä, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde sebit, dünýä derejesinde iş alyp barmak boýunça Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz iri halkara guramalarynyň, birleşmeleriň ençemesinde taryhy çykyş edip, biziň ata Watanymyzda bu ugurda dünýä halklary üçin nusga alarlyk işleriň durmuşa geçirilýändigi we Türkmenistanyň ekologiýa meselesinde halkara işleri durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge mydama taýýardygyna äşgär etdi. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalarynyň beýik münberlerinden ekologiýa abadançylygy boýunça eden teklipleriniň ençemesi uly goldawa mynasyp boldy. Muňa Aşgabatda howanyň üýtgemegine garşy göreş alyp barjak merkezi Aşgabatda döretmek boýunça edilen teklibiň milletler guramasy tarapyndan bir agyzdan goldanylmagy we bu ugurda şu günler degişli işleriň durmuşa geçirilmegi aýdyň subutnamadyr.
Halkymyzy eşretli we bolelin durmuşda ýaşatmak barada beýik işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edip çykyşyny jemledi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň baş buhgalteri Nowça Muradowa