Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzda soňky ýyllarda suw, ýer we geologiki serişdelerden netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, ilatyň ekologiýa düşünjeliligini ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary ruhubelentlik bilen geçirilýär.Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Tebigaty gorap saklamak bilen bagly bu asylly işlere halkymyzyň ähli raýatlarynyň giňden çekilmegi bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Ählihalk bag ekmek çäresi hem şeýle asylly maksatlary amala aşyrmaga we ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär. Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri ýurtda ekologiýa syýasatyna ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine we onuň tebigatynyň biologik köpdürliliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty geljekki nesiller üçin durnukly, arassa tebigy gurşawy döretmegi maksat edinýär.Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly syýasaty netijesinde daşky gurşawyň abat saklanylmagyny, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynda berkidilen kadalar amala aşyrylýan giň gerimli işleriň hukuk binýadynyň berkdigini subut edýär. Şeýle-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda ata Watanymyzda arassa ekologiýa gurşawy döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ekilýän baglar tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşýar, toprak-howa şertlerimizi gowulandyrýar, iň esasy zat bolsa döwletimiziň baş baýlygy bolan adam saglygynyň aladasy edilýär.Ýurdumyzda adam saglygy hakynda uly aladalar edip, birnäçe işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun! Ynsan saglygyny we daşky gurşawy goramakda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri rowaç alsyn!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni Mekan ATAGELDIÝEW