Bu günki gün türkmen halky Garaşsyz Diýaryň goýnunda asuda, abadan, parahat Watanyň sergin şemalyndan, tämiz howasyndan dem alyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bagtly durmuşyň mekanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr” diýen ýörelgesine eýerip ýaşamak hem iň uly bagtdyr.
1991-nji ýylyň altyn güýzünde Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze sahypa açyldy. Türkmen halkynyň asyrlar boýy eden arzuwlary hasyl boldy. Biz bu gün türkmeniň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň garaşan ajap eýýamynda bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitlere, edilen beýik işlere nazar aýlanyňda taryh üçin gysga döwrüň içinde asyrlara barabar ösüşleriň gazanylandygyna göz ýetirýärsiň.
Diýarymyzyň gündogar sebitinde ýerleşýän Kerki etrabynda hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde täze-täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, Amyderýanyň üstünden Kerki-Kerkiçi awtomobil we demir ýol köprüleriniň, iň esasysy hem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşyp, ak pata bermeginde diňe bir öz halkymyza hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, hormatly Prezidentimiziň ulag üstaşyr geçelgesini döretmek babatda amala aşyrýan işleriniň sanawynda hem möhüm orun eýeleýän, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply Kerki Halkara Howa menziliniň ulanylmaga berilmegi biziň etrabymyzyň bagtyýar raýatlarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Etrabymyzyň zähmetsöýer oba hojalykçylary hem hormatly Prezidentimiziň özleri hakda edýän aladalaryna jogap edip, oba hojalyk önümleriniň bolçylygyny döretmek maksady bilen janaýaman zähmet çekýärler we Garaşsyz Diýarymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nur berekete beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem merdana oba hojalykçylarymyzyň her bir başlan işi, asylly maksatlary rowaçly menzillerde hasyl bolýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän ussat ýüpekçilerimiziň döwlete pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etmekleri hem, muňa aýdyň mysaldyr. Şu günler bolsa biziň edermen oba hojalykçylarymyz ýurdumyzyň oba hojalygynda iň möhüm möwsüm bolan galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görýärler. Yhlas bilen ýetişdirilen bereketli galla hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap Watan harmanyna tabşyrmak, her bir kärendeçiniň, ýer eýesiniň baş maksady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilýän kuwwatly tehnikalaryny oba hojalyk pudagyna giňden ornaşdyrmagy, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bolsa oba hojalyk pudagynda her bir möwsümiň üstünlikli jemlenmegine uly itergi berýär. Etrabymyzda galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek işleri bilen bir hatarda gowaçalara ideg etmek işleri hem utgaşykly alnyp barylýar.
Bagtyýar türkmen halkyny ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa