Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi ýokary derejede geçirilýär. Türkmenistan bu iri gözden geçirilişe gatnaşýan 160-a golaý ýurduň arasynda öz Milli gününi ilkinjileriň hatarynda geçirmek hormatyna eýe boldy. Ýaňy-ýakynda Ýaponiýada iş saparynda bolan Hormatly Prezidentimiz hem Bütindünýä sergisiniň çäginde guralan Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy. Bu sergide ýurduň taryhyny, gözel tebigatyny, milli baýlyklaryny, 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanan wideoşekiller görkezildi. Binanyň ikinji gatynda Arkadag şäheriniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sergi eksponatlary ýerleşdirilip, üçünji gatda bolsa myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi. Osakadaky Ýumeşima emeli adasynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli dowam etjek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde onda ýurdumyzyň milli pawilýon ýurdumyzyň medeni mirasyny, häzirki döwürde gazanan üstünliklerini we dürli ugurlardaky geljegiň taslamalaryny görkezýär.
Tanyşdyryş çärelerinde ulag-kommunikasiýalar toplumynyň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri esasy orny eýeläp, dürli ýurtlardan gelen myhmanlary logistika, telekommunikasiýalar we sanly transformasiýa ugurlary boýunça innowasion taslamalar bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň ekspozisiýasy milli däpleri häzirki zaman tehnologiýa çözgütleri bilen utgaşdyrmak arkaly bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Tanyşdyryş çäresinde Türkmenistanyň yklymlaryň üsti bilen geçýän ulag geçelgeleriniň ösdürilmegindäki we sebitiň sanly integrasiýasyndaky strategik ornuna aýratyn üns berildi.
Tuwakow Mirhan
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň
başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi