Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Eziz diýarymyzda milli sirk sungaty ösdürilýär

 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurrdumyzda milli sirk sungaty täzeden dikeldildi hem-de 2010-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady. Munuň özi türkmen sirk sungatyny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boldy.

 Degişli kanunlara, kararlara  laýyklykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sirk sungaty has-da kämilleşdirilýär, sirk işiniň ösüşini goldamaga döwlet derejesinde yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, milli sirk sungaty soňky ýyllarda hakyky galkynyşy başdan geçirýär we halkara derejesinde giňden ykrar edilýär.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda Döwlet sirklerine we aýry-aýry sirk döredijilik toparlaryna «Milli» diýen hukuk derejesini bermegiň tertibi hem şertleri tassyklandy. Bu bolsa Türkmenistanda milli sirk sungatynynyň has-da ösdürilýandigine şeýle hem aýratyn üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

“Galkynyş” toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Ahal teke atçylyk toplumynyň köp sanly halkara baýrak gazanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» topary dünýäniň köp ýurtlarynda türkmen sirk sungatynyň özboluşly ajaýyp keşbini görkezýär. Owadanlykda we nepislikde taýsyz  bedewlerimiziň üstünde oýun görkezmek sungaty aňrybaş çylşyrymly emeller ýerine ýetirilende geýilýän kaşaň lybaslar we çuňňur duýgur, gujurly türkmen artistleriniň çykyşlarynyň haýran galdyryjy tomaşasyny döretmek bilen, sirk sungatynyň bilermenlerine, žurnalistlere we tomaşaçylara özüni ykrar etdirýär.

Ýurduň sirk sungatynyň ösüşinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, baş baýraklara mynasyp boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesi bolup durýar

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Monakonyň Monte-Karlo şäherinde indi 47-nji gezek geçirilýän sirk festiwalynyň çäklerinde-de halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi «Galkynyş» toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Toparyň agzalary ajaýyp çykyşlary bilen nobatdaky gezek tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Olar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Owadanlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi ahalteke atlarynyň ýyndamlygy, çeýeligi bu ýere ýygnanan sirk sungatynyň muşdaklaryna ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady.

Dünýä ýüzünde  meşhur bolan Türkmen Milli sirk sungaty  esasanam, “Galkynyş” topary milli mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň ähmiýetini we derejesini belende göterýär.

 

Tuwakow Mirhan

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni

 başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi