Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli taryhy-medeniýetimizi ösdürmek, dikeltmek, dünýä ýaýmak barada giň möçberli işlere badalga berildi. Ata Watanymyzda milli taryhy-medeniýetimizi tirsegine galdyrmak, dünýä ýaýmak maksatly halkara maslahatlarynyň, sergileriniň geçirilmegi netijesinde halkymyzyň milli taryhy-medeni gymmatlyklary bilen dünýä taryhy-medeniýetiniň arasynda özboluşly, täze arabaglanyşyk emele geldi. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda bu ugurda möhüm ähmiýetli ençeme kanunlar kabul edildi. Muňa “Türkmenistanyň taryhynyň we medeniýetiniň ýadygärliklerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi baradaky”, “Medeni gymmatlyklary goramak we ýurt daşyna çykarmak baradaky” birnäçe işlenilip düzülen kanunlar aýdyň subutnamadyr.
Bize taryhy çeşmelerden mälim bolşy ýaly, dürli müňýyllyklaryň dowamynda Türkmenistan öz geografik ýerleşişi boýunça “Siwilizasiýalaryň çatrygynda” ýerleşip, dünýä medeniýetinde öz täsirini galdyrypdyr.
Dünýä medeniýetiniň taryhynda Parfiýa siwilizasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Merkezi Aşgabadyň golaýyndaky Nusaýda ýerleşip, Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr. Ony döredijiler türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň biri bolan dah-parn taýpalary bolupdyr.
Nusaý galasy Türkmenistanyň iň möhüm taryhy ýadygärliklerinden biridir. Bagyr obasynyň etegindäki Aşgabat şäherinden 18 km uzaklykda, gadymy döwürleriň özboluşly ýadygärligi – biziň eramyzdan öň 3-nji – biziň eramyzyň 3-nji asyrlar aralygynda gülläp ösen meşhur Parfiýa patyşalygynyň paýtagty gadymy Nusaý şäheriniň galyndylary bar.
Nusaý biziň eramyzdan öň Aleksandr Makedonskiýniň basyp almagy sebäpli Ahemenidler imperiýasynyň dargamagyndan soň 4-nji asyrda döredilen gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagtydyr. Horezm we Baktriýa ýaly meşhur gadymy döwletleriň döremegi hem şol döwre degişlidir. Emma olaryň arasynda has kuwwatly döwlet diýip Hindistanyň demirgazyk-günbataryndan Ortaýer deňziniň kenaryna çenli uzalyp ýerleşen Parfiýa hasaplanýardy. biziň eramyzyň 1-nji asyrynda Parfiýa ösüşiň ýokary sepgitlerine ýetip, Rim imperiýasynyň bäsdeşi boldy.
"Nusaý" sözi iň gadymy şinehat tekstlerde we Awesta kitabynda duşgelýär. Onda ariý taýpalarynyň günorta-günbatara tarap geçýän, ýaşyl öri meýdanlary bolan, gadymy Gündogarda şöhratlanan Ahalteke atlarynyň ösdürilip ýetişdirilýän ýeri hasaplanýan Nusaý hakda gürrüň berilýär. Taryhy toplumda iki sany arheologiki ýadygärlik bar - Köne we Täze Nusaý.
Köne Nusaý - gadymy döwürde Mitridarkert şäheri diýlip, syýahatçylarda aýratyn gyzyklandyrma döredýär. Köne Nusaýda köşkleriň we ybadathanalaryň binalary jemlenipdi. Şeýle hem bu ýerde hazyna, uly çakyr ammary we köp sanly ammar bardy. Galanyň diwarlarynyň düýbüniň galyňlygy 8-9 metr bolup, olar 43 gönüburçly diň bilen berkidildi.
Köne Nusaýdaky iň täze tapyndy – Parfiýa suratkeşligiň hakyky eseri bolan freskanyň özboluşly bölegi.
Taryhçylar, medeniýet işgärleri we edebiýatşynaslar gadymy çeşmelerden hem golýazmalardan Parfiýa döwletiniň bolandygyny gowy bilipdirler. Eýsem-de bolsa, Mihail Ýewgeniýewiç Massonyň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýalar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde toplanan hakyky subutnamalar we arheologik tapyndylar Parfiýa döwletiniň paýtagtynyň – Köne Nusaýyň binalarynyň nähili derejede ajaýypdygyny bütin dünýä görkezdi.
Mihail Ýewgeniýewiç Masson sütünli zalyň, ybadathanalaryň we berkitmeleriň harabalyklaryny, arameý ýazuwynda parfiýa dilinde ýazylan resminamalary, parfiýalylaryň gündelik durmuşynyň, olaryň ellinist sungatynyň baý subutnamalarynyň üstüni açdy.
Beýik Parfiýa imperiýasyny döreden Beýik Arsakyň nesilleriniň neberesiniň esasy şa mukaddesligi hökmünde 22 asyr mundan ozal ýüze çykan Köne Nusaý şäheri häzirki wagtda-da Türkmenistanyň merkezi syýahatçylyk ýerlerinden biri bolup durýar.
Köne Nusaýa gelen syýahatçylary aýratynam, Şa galasy, «Inedördül öý», «Inedördül zal» we «Tegelek ybadathana» özüne çekýär.
«Köne Nusaý» atlandyrylýan şa galasyna – belentlikde ýerleşýän aýratyn gala Mitridatkert diýlipdir. Ol Mitridat Patyşa tarapyndan esaslandyrylyp, Parfiýa şalarynyň jaýlanýan ýeri bolup hyzmat edipdir. Şäherçäniň meýdany 17 gektar.
«Inedördül öý» – şa hazynasy bolup hyzmat eden bina. Bu binanyň ini-boýy 60 metr bolup, onuň töwereginde 12 otag ýerleşipdir, binany gelip çykyşy boýunça ellinistik şekilli frizler – Geraklyň we arslan agzynyň şekilleri, şeýle hem arşaklylara mahsus bolan ýerli suratly okdan doly sagdaklar bezäpdir. «Öýdäki» tapyndylaryň iň meşhury – gündogarda aýal hudaý hasaplanýan Rodogunanyň heýkeli we köp sanly bezelen ritonlar Türkmenistanyň muzeýlerinde sergilenýär.
«Inedördül zal» – şa köşgüniň alynky otagy. Ol iki metr çig kerpiç paýanyň üstünde gurlupdyr, diwarlaryň beýikligi 10 metr, galyňlygy bolsa üç metr. Dälizler ulgamynyň kömegi bilen zal diňe iki sany diň görnüşli desga bilen gatnaşykda bolup. Megerem, tutuş toplum ot ybadathana bolup hyzmat edendir.
«Tegelek ybadathana» – diametri 17 metr bolan tegelek gurluşdyr, içi iki gatly edilip gurlupdyr: birinji gaty tekiz ak örtük bilen örtülipdir, ikinji gaty kiçeňräk sütünler bölüp, olaryň arasynda palçykdan ýasalan heýkeller ýerleşdirilipdir.
Täze Nusaý – birnäçe gektar gül baglary bilen gurşalan ýerli aristokratiýanyň ýaşaýyş jaýlary bolan gadymy şäher. Köne Nusaýdan tapawutlylykda bu ýerde ýaşaýyş Arşakidleriň ýykylmagyndan soň hem köp asyrlap dowam etdi. Emma, iki asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Sasanidler tarapyndan weýran edilen bu şäher boşdy. Ol bäşinji asyryň ikinji ýarymynda Nusaýyň amatly ýerleşişine göz ýetiren Sasanid patyşasy Firuz tarapyndan dikeldildi. 651-nji ýylda Nusaý Arap halyflygyna girdi. 1220-nji ýylda Nusaý Merkezi Aziýanyň beýleki uly şäherleri ýaly umumy betbagtçylyga – mongollar tarapyndan gabawa we weýrançylyga sezewar boldy. Emma, mongol talaňçylygyndan soňra hem, Nusaý külden täzeden döredi. Nusaý galasyndan tapylan sekiz burçly ýyldyz we atanak görnüşindäki ýaş ýigidiň we gojanyň şekili bolan oňat nagyşlanan syrçaly kerpiçler on üçünji asyryň ikinji ýarymyna degişlidir. Kaşin küýzeleriniň ajaýyp nusgalary on dördünji asyra degişlidir. Nusaý on dördünji-on bäşinji asyrlarda Teýmiriň we onuň mirasdüşerleriniň häkimligi astynda bolýar. Şol döwürde ol gür ilatly iri hünärmentçilik-söwda merkezi bolup, ol ýerde dürli dillerde gepleýän halklaryň wekilleri söwda edipdir.
Gadymy şäheriň özi Täze Nusaýyň harabalyklarynda ýerleşýär. Şäheriň daşyna parfýanlar döwründe inli gala diwary salynypdyr, olaryň gönüburçly goranyş diňleri bolupdyr. Günorta böleginde gala diwarlary bilen daşy aýlanan belent içki gala ýerleşýär. Içki galada diwanhanalar, döwletiň däne we şerap ambarlary, begzadalaryň ýaşaýan jaýlary ýerleşipdir.
Bu gün Nusaý gadymy taryhyň, binagärligiň we sungatyň täsin ýadygärligi hökmünde Merkezi Aziýa boýunça halkara syýahatçylyk kataloglarynyň we ýol görkezijileriniň ählisinde bar. Nusaýyň şa hazynasyndan bahasyna ýetip bolmajak ritonlar, mermer heýkeller, kümüş we daş önümleri Türkmenistanyň milli muzeýleriniň zallaryny bezeýär.
Bu şa eserleriň tapylan gadymy ybadathanalary we binalary köp ýyllaryň dowamynda arheologlaryň, syýahatçylaryň, gezendeleriň we hatda syýasatçylaryň-da barha artýan gyzyklanmasyny özüne çekýär. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda Fransiýanyň şol wagtky prezidenti Fransua Mitterranyň, agyr hassalygyna garamazdan, Parfiýanyň gadymy paýtagtyny görmek üçin, ýörite Aşgabada gelendigi mälimdir.
Nusaýyň bu gadymy binalary, gör, ýene näçe syry özünde saklaýar? Olaryň ählisi-de açylmagyna garaşýar.
Şäheriň bu desgalarynyň hemmesi 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Nusaý» döwlet medeni-taryhy goraghanasynyň özenini emele getirýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň milli taryhy-medeniýetimizi öwrenmek, ösdürmek, giňden dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçiren maksatnamalaýyn işlerini Arkadagly Serdarymyz üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmeniň milli mirasynyň abraýyny dünýä ýaýmakda durmuşa geçirýän yzygiderli işleri üçin köp-köp alkyş aýdýaryn.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy Şöhrat Babakulow