Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen halkymyza özüniň ajaýyp kitaplaryny, şygyrlaryny yzygiderli peşgeş berip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaplary ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde örän gymmatlydyr. Şeýle hem bu gymmatly kitaplarda
Lukman hekim, onuň lukmançylykda bitiren işleri we onuň beren maslahatlary barada birnäçe gyzykly gürrüňler hem-de rowaýatlar getirilýär. Biz ýaşlar hem Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny yzygiderli okaýarys, öz gündelik durmuşymyzda giňden peýdalanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”atly kitabynda Lukman Hekimiň gymmatly maslahatlary getirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”atly kitabynda Lukman Hekim barada birnäçe rowaýatlar getirilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň “Saglyk-abatlyk” diýen bölüminde şeýle rowaýat getirilýär:
Bir adam hemişe: «Meniň Lukman Hekime işim düşmez» diýip öwünýärmişin.
– Halypam, ol adam öte gidýär. Heý-de, başy agyryp, baldyry syzlamaýan adam bolarmy?! – diýip, şägirtleri meşhur hekime gürrüň berýärler. Lukman Hekim daşarynyň aňzakdygyna garamazdan, şägirtleriniň birine:
– Şol adamy bar-da, görüp gaýt! Ol häzir öýünde näme işleýär? – diýýär.
Şägirdi baryp görse, ol adam öýünde ýyly ýerde köýnekçe, aýagy ýalaňaç, derläp çaý içip otyrmyşyn. Şägirdi gören zatlaryny gürrüň berýär. Lukman Hekim:
– Sen onuň atyny gazygyndan boşat! – diýýär.
«Atyň boşanypdyr» diýilse, onuň hem öýünde kanagat edip oturmajagy belli. Ol adam şol durşuna ylgap daşary çykýar-da, atyny alyp gelýär. Lukman hekim soňky bolan ýagdaýy hem eşidýär-de, indi onuň näme edýändigi bilen gyzyklanyp, ýene şägirdini iberýär. Şägirdi seredip görse, ýaňky adam iki aýagyny ýyly suwa sokup, ojar oduna çoýunyp oturanmyşyn. Şulary eşiden ussat:
– Ol adam dogrusyny aýdypdyr – diýipdir.
Goý, şeýle ajaýyp kitaplary türkmen halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Lukman Hekimiň tymsallarynyň çeper beýan edilişi
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen halkymyza özüniň ajaýyp kitaplaryny, şygyrlaryny yzygiderli peşgeş berip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaplary ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde örän gymmatlydyr. Şeýle hem bu gymmatly kitaplarda Lukman hekim, onuň lukmançylykda bitiren işleri we onuň beren maslahatlary barada birnäçe gyzykly gürrüňler hem-de rowaýatlar getirilýär. Biz ýaşlar hem Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny yzygiderli okaýarys, öz gündelik durmuşymyzda giňden peýdalanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”atly kitabynda Lukman Hekimiň gymmatly maslahatlary getirilýär.
An artistic interpretation of the chracter of Lukman Hekim (Ibn Sina) in the books of our Hero Arkadag
Our Hero Arkadag, the National Leader of the Turkmen people, has been continuously donating his wonderful books and poems to the Turkmen people. These wonderful books of our Hero Arkadag are very valuable in educating our young generation in the spirit of patriotism. Also, in these precious books there are several interesting stories and legends about Ibn Sina and his achievements in medicine. We also regularly read the books of our Hero Arkadag and use them widely in our daily life. Valuable advice of Lukman Hekim (Ibn Sina) is given in the book of our Hero Arkadag "Principle of statehood of Turkmen".
Художественная интерпретация образа Авиценны в книгах
Героя Аркадага
Наш Герой Аркадаг, Национальный Лидер туркменского народа, регулярно дарит нашему народу свои замечательные книги и стихи. Эти книги Героя Аркадага очень ценны для воспитания молодого поколения в духе патриотизма. Также в этих книгах много интересных историй и легенд о достижениях Авиценны в медицине. Мы также регулярно читаем книги нашего Героя Аркадага и широко используем их в повседневной жизни. Ценные советы Авиценны приводятся в книге Героя Аркадага «Принципы туркменской государственности».