Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Galkynyşly Diýarymda taryhy waka.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz halkara derejesindäki maslahatlaryň, sammitleriň, forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Täze taryhy döwürde Türkmenistan beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ulag ulgamynda hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn uly üns berip, bu babatda möhüm çäreleri amala aşyr ýar. Şonuň netijesinde onuň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň maslahatlarynda, sammitlerinde öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri giň goldawa mynasyp bolýar.

 Şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi-de onuň aýdyň nyşanydyr Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle asylly başlangyçlaryny has-da işjeň dowam etdirmek bilen, ulag boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge has-da uly üns gönükdirýär. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň maý hem-de iýun aýlarynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Italiýa” we “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitlerinde eden çykyşlarynda aýdanlary-da anyk tassyklaýar. Şonda hormatly Prezidentimiz: “Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar.

Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýar” diýip, nygtap geçdi. Bu bolsa ata Watanymyzyň ulag ulgamynda alyp barýan ýörelgesiniň esasy ugruny kesgitleýär ýakyn günlerde ýurdumyzyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça nobatdaky maslahatyň hem bu babatda aýratyn ähmiýeti bardyr. Dünýä ýaň saljak  bu halkara maslahatyň ata Watanymyzyň  şan-şöhratyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň Ýer ýüzündäki  ähmiýetini, ornuny has-da  artdyrjakdygy hakynda buýsanç bilen bellemek gerek.

Dünýä parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa