Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Galla oragyna badalga berilmegi.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkimen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda beýleki pudaklar bilen deň hatarda oba hojalyk pudagynda hem maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirildi.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny iň düşewüntli pudaga öwürmek maksatly Gahryman Arkadagymyzy babadaýhanlarymyza ýerden bol hasyl almak maksatly ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Täze döwürde täze gadam basan zamanamyzda bu ugurdaky işleri Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär.

Hormatly Prezidentimiz ýakynda sanly ulgamda geçiren Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň 2-nji iýunyndaAhal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna başlamaga ak patasyny berdi.

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, ýaşuly nesliň bismillasy bilen Lebap welaýatynyň Çärejew etrabynyň Watan daýhan birleşiginde welaýat derejesinde galla oragyna badalga berildi. Galla oragy mynasybetli baýramçylyk dabarasy ir säher bilen welaýat häkimliginde geçirilen dabaraly maslahat bilen badalga aldy. Dabaraly maslahatda welaýatyň oba hojalyk pudaklaryna ýolbaşçylyk edýän ýolbaşçylar, alym agronomlar, ussat kärendeçiler, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda welaýatymyzyň etraplarynda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigi buýsanç bilen bellenilip, ýetişdirilen bugdaý hasylyny zaýa etmän ýygnap Watan harmanyna tabşyrmak boýunça alnyp barylmaly işler barada pikir alşyldy. Çykyşlarda oba hojalykçylar üçin ähli şertleri döredip beren Hormatly Prezidentimiziň asyna alkyşly sözler giňden ýaňlandy.

Soňra dabaraly maslahata gatnaşyjylar Çärejew etrabynyň Watan daýhan birleşiginde badalga berilýän galla oragyna gatnaşdylar. Ol ýerde gurnalan sergiler, medeniýet işgärleriň aýdym-saz çykyşlary oba hojalykçylara bugdaý oragyny ruhybelent başlamaga uly ruhybelentlik paýlady.

Soňra ýaşuly nesliň bismillasy bilen bugdaý oragyna badalga berildi. Kuwwatly kombaýynleriň bugdaý oragyna başlamagy bilen üsti ak bugdaýdan doly awtokerwenler bugdaý kabul edýän nokatlara ugradylar. Şol gün ilkinji bugdaý hasyllarynyň Türkmenabat galla kärhanasyna gelip başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Hatar gurup gelen üsti ak bugdaýdan doly awtokerwenler galla kabul edilýän nokatda tereziden geçirilip, kabul edilip başlan puesady ýaşuly nesliň wekilleri milli däp-dessurlarymyzy berjaý edip, olary duz-çörek bilen garşy aldylar, ýagşy-ýagşy dilegler edilip, galla oragynyň gysga wagtdan amala aşyrylmagyny arzuw etdiler. Soňra Türkmenabat galla kärhanasynda galla kabul ediş nokadyna ilkinji täze hasylyň gelmegi mynasybetli dabarada ýaşuly nesliň wekilleri, Agrar partiýanyň işgärleri, kärendeçiler çykyş edip, öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çykyşlarda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp-köp alkyşlaryny aýtdylar we babadaýhanlarymyzy zähmet baýramlary bilen gutlap, olara uly üstünlikleri arzuw etdiler. Dabarada medeniýet işgärleri daýhan durmuşyndan habar berýän folklýor çykyşlary, aýdym-tans çykyşlary bilen dabara gatnaşýanlara ruhybelentlik paýladylar. Dabarada öňdebaryjy kärendeçilere şa sowgatlary gowşuryldy. Galla oragyna badalga berilen güni Çärejew etrabynyň Watan daýhan birleşiginde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň açyk asmandaky sergisinde okuw maslahaty hem geçirildi. Okuw maslahatynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýädäki iň kuwwatly tehnikalaryň yzygiderli satyn alyp beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, bu işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza köp-köp alkyşlar aýdyldy we tehnikalary orak döwründe sazlaşykly ulanmagyň ýollary, düzgünleri barada pikir alyşyldy.

 Bagtyýar Derkarow

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri