Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Galla oragyna taýýarlyk

Köneürgenç etrabynyň oba hojalykçylary 17500 gektar ýerde güzlik bugdaýlara ahyrky tapgyrlarda ideg etmek  bilen bir hatarda öňde duran galla oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görýärler. Galla orak möwsümine gatnaşmagy göz öňünde tutylan kombaýynlary ýük awtoulaglary, galla kabul ediji nokatlary möwsüme taýýarlamak işi bellenen tertipde alnyp barylýar.  Galla oragyna gatnaşjak etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýynlarynyň 47-sy birkemsiz abatlanyp möwsüme taýýar halatyna getirildi. Awtoulag we beýleki kärhanalara, şahsy hojalyklara degişli bolan dürli ýük awtoulaglaryň 255-sy taýar hasyly galla kabul ediji nokatlara daşamaga gatnasarlar. Galla kabul ediji nokatlaryň hem 2-sanysy hereket eder. Bu ýerlerde taýýar hasyly bökdenişsiz kabul etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Kärendeçi daýhanlar hem atyzlaryň gyra töwereklerini tehnikalaryň kömegi bilen tekizleýärler. Bu bolsa möwsüme gatnaşýan kombaýynlaryň, ýük awtoulaglaryň bökdenişsiz   hereket etmegini üpjin eder. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneüregnç etrap komitetiniň işgärleri galla oragy möwsüminde oba zähmetkeşleriniň aralarynda dürli medeni çäreleri geçirmegi, öňde baryjylary höweslendiriji sowgatlar hormat hatlar bilen sylaglamagy göz oňünde tutýarys. Bu hem bolsa galla oragy möwsüminiň ýokary depginlerde gitmegine, möwsüme gatnaşýanlaryň işe bolan höwesini artdyrmaga uly mümkinçilik berer. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy netijesinde meýilnamada bellenen  31700 tonna galla hasylyny gysga wagtda ýygnap Watan harmanyna tabşyrylmagyna şert döreder.

Mekan HUDAÝBERDIÝEW

Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç  etrap  komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji