Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçileri 28500 gektar ýerde guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. 4820-den gowrak galla kärendeçiler özleriniň garamagyndaky bugdaýly ýerlerde ahyrky tapgyrda ideg işlerini berjaý edýärler. Şeýle hem öňde duran galla oragy möwsümine hem ykjam taýýarlyk görýärler. Şu ýyly etrap obahyzmat önümçilik kärhanasynyň ýokary iş öndürjilikli kombaýynlarynyň 65-den gowragy galla oragy möwsümine gatnaşmagy göz öňünde tutylýar. Häzirki wagtda bu kombaýynlara önümçilik kärhananyň ussalary tarapyndan degişli tehniki hyzmatlar görkezilip, möwsüme birkemsiz taýýarlanýar. Kombaýynlara orak möwsümine iş ýüzinde zerur tehniki hyzmatlary görkezmek üçin göçme abatlaýjy toparlaryň hem 2-si döredildi. Bu toparlar hünärmenler, tejribeli ussalar, abatlaýjy enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar we beýleki zerur serişdeler bilen üpjin edildi. Bu bolsa galla oragy möwsüminde kombaýynlaryň saz we bökdenişsiz işlemegini üpjin eder. Şeýle hem taýýar hasyly bugdaý kabul ediş nokatlara daşamak üçin edara-kärhanalaryň, awtoulag karhananyň, şahsy hojalyklaryň ýük awtoulaglary bilen şertnamalar baglanşylýar.
Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri beýleki jemgyýetçilik guramalar bilen bilelikde galla oragy möwsüminde oba zähmetkeşleriniň arasynda medeni çäreleri geçirmegi, öňdebaryjylary höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglamany göz öňünde tutýarys. Munuň özi orak möwsüminiň ýokary depginlerde gitmegine uly mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Çynar Berdikulyýewa.