Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz Oba Hyzmat önümçilik kärhanasynyň agzybir işgärleri möhüm, jogapkärli möwsüm bolan galla oragyna ykjam taýrlykly gelýärler. Etrabyň zähmetsöýer gallaçy kärendeçileri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pragy” ýylynyň hasyly üçin 22500 gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda bökdençsiz ýygnamagy belent maksat edinýärler.
Ýetip gelýän galla oragy üçin Boldumsaz etrap Oba Hyzmat önümçilik kärhanasynda kuwwatly kombaýynlaryň 22-ni Boldumsaz Oba Hyzmat önümçilik kärhanasynyň Gubadag bölüminde kuwwatly kombaýynlaryň 27-ni jemi 49-sany möwsüme taýar edilip. Şolaryň 5-si “John Deere” 44–si “СLAAS” kysymly kuwwatly kombaýynlardyr.Galla orak möwsüminde işlediljek kombaýnlara 98 sany mehanizatorlaryň gije-gündiziň dowamynda iki çalyşykda işläp, kombaýynlaryň hyzmat işleriniň iş üstünde gurnalmagy bolsa, olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün eder.
Häzir orak möwsüminde işlejek mehanizatorlar, tehniki işgärler we galla hasylyny daşajak awtoulaglaryň sürüjileri bilen tehniki hem-de ýangyn howpsyzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça düşündiriş işeri-de geçirilýär.