Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Gallaçylaryň zähmet üstünlikleri

           “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň döwletimiziň Garaşsyzlygynyň  şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda türkmen gallaçylary uly zähmet  üstünliklerini gazanmak ugrunda irginsiz zähmet çekdiler. Ýurdumyzyň ekerançylary hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu ýyl hem bugdaýyň bol hasylyny öndürdiler. 

           Galla oragy möwsüminde işleriň depginini günsaýyn güýçlendiren Balkan welaýatynyň daýhanlary hem galla tabşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekde yhlasly zähmet çekdiler. Welaýatymyzyň gallaçy babadaýhanlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýylynda ak bugdaýyň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.  Bellenilen şertnamalaýyn borçnamanyň  üstünlikli berjaý edilmegine welaýatymyzyň Magtymguly, Serdar, Bereket, Etrek, Esenguly etraplary has-da saldamly goşant  goşdular.  Welaýatymyzyň daýhanlarynyň gazanan bu zähmet üstünlikleri  şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramçylygynyň uludan toýlanmagyna taýýarlyk döwründe öňde goýlan wezipelere abraý bilen ýetendiklerine doly şaýatlyk edýär.

      Ýurdumyzyň ykdysady kuwwadyny artdyryp, oba hojalygyny ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigi Watan harmanyna tabşyrylan bol hasyllarda aýdyň görünýär.

 

 

Aýnatäç Nedirowa,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň  Balkan welaýatynyň

 Balkanabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni