Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Garaşsyz diýar - asuda asman!

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmeginde uly many, çuň mazmun bar. Çünki halkymyz Garaşsyzlygyň gülläp ösýän bagtyýar zamanasynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, eşretli döwrana ýetdi. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr. Garaşsyzlygyň täze belentligi bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda halal zähmet çekip, durmuşyň eşretleriniň ählisiniň elýeterli bolmagyny gazanýan ruhubelent halkymyz bu gün asuda asmanyň astynda parahat durmuşda ýaşaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň: “Men ata-babalarymyzyň şan-şöhratyna mynasyp işleri bitirip, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna ajaýyp sahypalary ýazjakdygymyza, biziň bitiren işlerimize geljek nesillerimiziň buýsanjakdygyna-guwanjakdygyna berk ynanýaryn” diýen sözleri bu gün durmuşda hasyl bolmak bilen türkmen jemgyýetiniň ykbalyna parlak güneş bolup şugla saçýar.        Şäherleriň, şäherçelerdir oba-kentlerimiziň keşbi düýpgöter özgerdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanýar. Bagtyýar adamlar bol-elin durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyz ykdysady taýdan bedew bady bilen ösýär özgerýär. Senagatda, oba hojalygynda, medeniýetde we beýleki pudaklarda uly üstünlikler gazanylýar. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylan beýik işler bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýar. Garaşsyzlyk bu biziň başymyzyň  täji, dillerimiziň senasy.  

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyna halkara derejesinde täze mertebe berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin. Ata-babalarymyzyň arzuw umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlara ýaň salsyn!  

                                                    

Täzegül Hommodowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň esasy hünärmeni