Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy

1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze sahypa açyldy. Türkmen halkynyň asyrlarboýy eden arzuwlary hasyl boldy. Biz bu gün türkmeniň dana şahyrymyzy Magtymguly Pyragynyň garaşan ajap eýýamynda, bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Ýurt Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde taryh üçin gysga wagtyň dowamynda ýurdumyzda asyrlar barada ösüşler amala aşyryldy. Garaşsyzlyk türkmen halkyny uly bagta ýetirdi, bu gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmenistan döwleti uly ösüşlere eýe bolýar. Syýasy durmuş-ykdysady we medeni ulgamlaryň ähli ugurlarynda gazanylýan ýokary sepgitler  türkmen döwletiniň taryhynda buýsançly sahypalary ýazýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, dünýäde ykrar edilen beýik işler örän köp. Şular hakynda oýlananyňda Gahryman Arkadagymyzyň: “Watany mertler beýgeldýärler” diýen parasatly pähimi hakydaňda janlanýar. Gahryman Arkadagymyz hem bu gün Watan mertebesini arşa göterdi. Halkymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesi raýatlarymyzyň bähbitlerine gönükdirilen özgertmeleriň düýp mazmunyna öwrülýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyrylýan beýik işlere, bolup geçen wakalara ser salanyňda taryh üçin gysga wagtyň içinde Lebap welaýatynda hem asyrlara barabar ösüşleriň, özgertmeleriň amala aşyrylýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şol döwürde gurlup ulanylmaga berlen medeni durmuş maksatly binalaryň, önümçilik kärhanalarynyň adyny agzap gutarar ýaly däl. Iň ýönekeýjesi “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, şol beýik işleriň üstünlikli dowam edýändigini Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý demir ýol beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol şahasynyň, 153 kilometr uzynlykdaky kuwwaty 50 kW bolan Kerki-Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň we Ymamnazar-Akina hem Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagynyň mysalynda hem görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli başlangyjy bilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmek bilen baglylykda tomus paslynyň ilkinji aýynda Kerki Halkara howa menziliniň, Türkmenabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň, Farap etrabynda “Çagalar dünýäsi” medeni dynç alyş seýilgähiniň, mundan başga-da ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna şert döredip, täze iş ýerleriniň döremegini üpjün etdi.

Biziň etrabymyzyň oba hojalykçylary hem beýleki pudaklaryň wekilleri bilen bir hatarda uly toýa mynasyp sowgatlar bilen barmak maksady bilen jan aýaman zähmet çekýärler. Munuň üçin döwlet tarapyndan ähli şertdir mümkinçilikler döredilen. Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, dökün, tehniki hyzmatlar, suw, ekinleriň zyýan berijilerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen her ýyl ýeňillikli bahadan üpjün edilýär. Şeýle bolansoň biziň edermen babadaýhanlarymyza ýyl-ýyldan berekete beslenýän ekin meýdanlarymyzda yhlasly zähmet çekmek galýar. Bosagada 2022-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi we oba hojalyklar üçin iň gyzgalaňly döwür bolan pagta ýygymy möwsümi dur. Oba hojalyk işgärlerimiz bu möwsümlere ýokary derejede taýýarlyk gördüler. Biziň edermen pagtaçylarymyz döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, şanly toýy mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylarlar.

Halkymyzy beýik bagta ýetiren, türkmeniň arşa göteren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, ýurt ähmiýetli tutuly işleri elmydama rowaç bolsun! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, tutuş türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Toýlaryňyz toýlara ulaşsyn mähriban ildeşler!

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni:                  Sonagül Hudaýberenowa