Bagtyýar, bolelin durmuşyň hözürini görüp ýaşaýan, yhlasly zähmet çekýän, döredýän we gurýan mähriban halkymyz “Pähim-paýhas ummany magtymguly Pyragy” ýylynda mukaddes Garaşzylygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna uly guwanç hem buýsanç duýgulary, zähmet sowagtlary bilen barýar. Çünki Garaşsyzlyk özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, Garaşsyz Watan, mähriban toparymyzyň gülläp ösmegi we milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwlarynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir.
Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mälim bolşy ýaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly biziň Boldumsaz etrabymyzyň etrap häkimligi, oba hojalyga degişli edara kärhanalar, medeniýet bölümi, Bilim bölümi we jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň gurnamagynda hem etrabymyzyň Gubadag şäher Medeniýet merkezinde Graşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli ,,Garaşsyzlyk buýsanjym-bagtyýarlyk guwanjym” atly aýdym-sazly dabarly maslahaty bolup geçdi.
Bu dabaraly maslahatdaTürkmenistanyň Il ýaşulysy Samaýew Çäşembaý, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň başlygy Tekebaý Duşemow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň bölüm müdüri Şatlyk Abdyrahymow Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy Öwez Paltabaýew Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Boldumsaz etrap geňeşiniň başlygy Çary Kakabaýew hünärmenleri dagylar çykyşlarynda, Bagtyýarlygyň nurana menzillerinde durmuşymyza ornan ajaýyplyklaryň dowamly gerimi Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ösüşlerini täze rowaçlyklar bilen öňe alyp gitmek, halkymyzyň medeni we maddy durmuşyny barha gowulandyrmak barada edýän taýsyz tagallalary bilen berk baglanyşykly. Mähriban türkmen halkymyza maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge giň mümkinçilik beren Garaşsyzlygymyzyň, beýik döwrüň beýik işlerine mynasyp başlangyçdyr. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň, merdana pederlerimiziň asyrlar boýy eden arzuwlarynyň wysal bolup, bütin zemine dabaralanmasydyr. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmen bagtynyň çüwmesidir, ýagty geljeginiň buşlukçysydyr.
Milli däp-dessurlary gaýdyp beren, milli baýramlarymyzy täzeden dikeldilen, mady taýdan galkynan halkymyz medeni taýdan hem ýokary derejelere ýetdi. Garaşsyzlyk halkymyza öz pikir-düşünjelerini, türkmençilik ýoluny, müňýyllyklardan bäri sünnäläp gelýän ýörelgelerini dünýä wagyz etmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilik açdy.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: “Men ata-babalarymyzyň şan-şöhratyna mynasyp işleri bitirip, Garaşsyz Watanymyzyňtaryhyna ajaýyp sahypalary ýazjakdygymyza, biziň bitiren işlerimize geljek nesillerimiziň buýsanjakdygyna, guwanjakdygyna berk ynanýaryn. Dostluk, doganlyk, agzybirlik, adalatlylyk, parasatlylyk ýoly bilen ýöräp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany kuuwatly beýik döwlete öwürmekde mähriban halkymyza bil baglaýaryn” diýen ajaýyp sözleri halkymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, milli Liderimize bolan söýgi-sarpany, röwşen geljegimize bolan uly ynamy, mäkäm jebisligi döredýändigini belläp.
Dabaranyň ahyrynynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasyJumakow Ýusup