1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze sahypa açyldy. Türkmen halkynyň asyrlarboýy eden arzuwlary hasyl boldy. Ýurt Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde taryh üçin gysga wagtyň dowamynda ýurdumyzda asyrlar barada ösüşler amala aşyryldy. Garaşsyzlyk türkmen halkyny uly bagta ýetirdi, bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwleti uly ösüşlere eýe bolýar. Syýasy durmuş-ykdysady we medeni ulgamalaryň ähli ugurlarynda gazanylýan ýokary sepgitler türkmen döwletiniň taryhynda buýsançly sahypalary ýazýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sebgitler, dünýäde ykrar edilen beýik işler örän köp. Hormatly Prezidentimiziň hem bu gün Watan mertebesini arşa göterdi. Halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer ýörelgeleri raýatlarymyzyň bähbitlerine gönükdirilen özgertmeleriň düýp mazmunyna öwrülýär.
Ýakyn günlerde Saýat etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň, Saýat etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň we Saýat etrap medeniýet bölüminiň gurnamagynda Saýat etrabynyň “Bal Saýat” toý mekanynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Agrar we Demokratik partiýalarynyň Saýat etrap komitetleriniň, Ýaşlar guramanyň Saýat etrap geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş işgärleri we Saýat etrabynyň medeniýet bölüminiň wekilleri gatnaşdy. Baýramçylyk dabarasynda Saýat etrabynyň medenýet we sungat işgärleri Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatyny, ata Watanymyzda amala aşyrylýan ösüşleri, Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, dost-doganlygy, agzybirligi, asudalygy wasp edýän aýdan aýdymlary, sahnalaşdyran täsirli çykyşlary, tanslary dabara gatnaşan ildeşlerimize ruhybelentlik paýlady.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa