Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

GARAŞSYZLYK — BAGTYMYZ

Asmanymyzyň asudalygy, günlerimiziň parahatlygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi. «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Baş baýramyň 35 ýyllygy bellenjek Watanymyzyň her bir güni ösüş-özgerişlere beslenýär.

1991 — 2026-njy ýyllar aralygy taryh üçin köp wagt bolmasa-da, onuň halkymyzyň arzuwlarynyň birin-birin amala aşan ýyllarydygyny gypynçsyz aýdyp bileris. Çünki Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz tanalmaz derejede ösdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlandy. Biz muny ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen we berilýän bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, oba hojalyk, senagat, medeni maksatly ençeme binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň mysalynda hem görýäris. Bularyň hemmesiniň halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirlen Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolandygyny bellemek gerek. Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň sanlyja ýyllaryň içinde gurlup ulanmaga berilmegi-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny aýdyň görkezýär. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurt berkararlygynyň, halkyň bagtyýarlygynyň aýdyň kepili bolan Arkadag şäheri bu hakykaty dünýä äşgär etdi. Bu şäherde ýaşlara aýratyn ynam bildirilmegi, olaryň iş, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi, ugurlarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän giň mümkinçilikleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halky üçin amala aşyran beýik işleriniň miwesidir.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bereketli topragymyzdan alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak, ýokary hilli tohumlary taýýarlamak boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak, tebigy baýlyklarmyzdan rejeli peýdalanmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Diňe bir oba hojalygynda däl, eýsem, beýleki ugurlarda-da uly üstünlikler gazanyldy. Taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, milli baýlyklarymyz has-da dabaralandyryldy. Milli gymmatlyklarymyzyň ençemesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şol nukdaýnazardan, Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy atçylyk ulgamynda dünýäde ilkinji ýokary okuw jaýy bolup, ata-baba gelýän milli gymmatlyklarymyzyň ylmy esaslara daýanylyp geljekki nesillerimize ýetiriljekdigini, bu babatda asylly ýörelgelerimiziň dowamat-dowam boljakdygyny görkezýär.

2026-njy ýyla atlandyrmak babatdaky asylly däbe laýyklykda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi. Bu bolsa behişdi bedewleriň asyl mekany saýylýan Arkadag şäheriniň ilatyny, zähmetkeşlerini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna uly zähmet üstünlikleri bilen barmakda yhlasyny gaýgyrmazlyga ruhlandyrýar. Häzirki wagtda Arkadag şäheri atçylyk sungatynyň ösdürilmegi, ylmy taýdan öwrenilmegi we bu ugurda kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegi ugrunda hem uly işleriň durmuşa geçirilýän mesgeni saýylýar.

   

 

Serdar BEGMYRADOW,

Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň

Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.