Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýat kitaphanasynyň faýesinde Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli hem-de Gahryman Arkadagymyzyň sentýabr aýynyň 2-de Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagyna bagyşlanyp brifing geçirildi.
Brifinge ýaşuly neslip wekilleri, Agrar partiýanyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri, işjeň agzalary, Türkmenabat şäherinde orta hünär okuw mekdeplerde bilim alýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapagy hakynda, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz barada giňişleýin söhbet etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapaklarynyň, ýazan kitaplarynyň özlerine her ädimde ýol görkeziji şamçyragy bolýandygyny belläp geçdiler. Çykyş edenler Garaşsyzlygyň türkmen halkyna eçilen bagty hakynda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ösdürmek maksatly durmuşa geçirilen işler, kabul edilen kada-kanunlar, gurulan binalar, ýetilen sepgitler barada birin-birin durup geçdiler. Çykyş edenler özleriniň şeýle bagty, bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryny, şu ýurduň raýatydygyklaryna buýsanýandyklaryny nygtap, şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag bolmagyny, işleriniň elmydama rowaç bolmagyny çyn ýürekden arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow