Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Gazanylan üstünliklere eýerip başlanan täze başlangyç

Gojaman taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň oba hojalykçylary üçinem ýokary görkezijiler bilen jemlenen şanly ýyllarynyň birine öwrüldi.Şol ýetilen sepgitlerde Täze 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet  üstünlikleri bilen joşgunly garşy alan etrabymyzyň kärendeçi babadaýhanlarynyň hem mynasyp paýy bar.

              Geçen taryhy ýylymyzy ýokary zähmet görkezijileri bilen jemlän kärendeçilerimiziň bugdaý hasylyny hem-de pile hasylynyň meýilnama laýyk ýerine ýetirmegi ,  gökbakja ekinleriniň dürli görnüşleri , ýagny şol sanda ýer almanyň,üzümiň, miweleriň bol hasyllaryň alynandygyny buýsanç bilen bellemek gerek.

“Daýhandan hereket-ýerden bereket” diýlip jaýdar aýdylan nakyla eýerip ýerden bol hasyl aljak bolsaň bar yhlasyňy maňlaý deriňi topraga siňdirmeli.Şonda seniň yhlasyň myrat tapar.Hut şunuň esasynda kärendeçiler topary geçen oba hojalyk 

 

             Şeýle-de bu ýylda ”Halkara parahatçylyk we ynanymak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de  Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyklara  taýýarlykly barmak barasynda, halkymyz uly-uly üstünliklere, möhüm wakalara garaşýar.Munuň özi Watanymyzyň abadançylygynyň,halkymyzyň bagtyýar durmuşda üpjün edilmegine gönükdirilen tutumlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleçýändiginiň nobatdaky beýanydyr

 

               Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak,ýerden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak,hilini gowulandyrmak barada yzygider alada edilýär.Gallaçy we pagtaçy kärendeçilerimiz döwlet tarapyndan berilýän kömek goldawlaryň netijesinde bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmek üçin gujur gaýratyny gaýgyrmaýarlar.Şu günler Görogly etrabynyň pagtaçy we gallaçy kärendeçileri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” diýip yglan edilen ýylynyň bereketli hasylynyň düýbüni berkden tutýarlar. Etrabymyz boýunça 15 500 ga ýere ekilen bugdaý meýdanlarda ýokary hilli agrotehniki işleri organiki dökünleri bilen iýmitlendirmek çäreleri geçirýärler şeýle hem  17 500 ga ýere gowaça ekiljek meýdanlarynda häzirki wagtda sürüm işleri tamamlanyp ekişe taýýarlamagyň çäklerinde diňe tekizleýiş işleri däl eýsem taýar bolan ýerlere gyşky ýuwuş suwuny tutmak işleri hem ýerine ýetirilýär.Gowaça möwsümine taýýarlyk işleriniň bir näçesi tehnikanyň güýji bilen ýerine ýetirilýär.Görogly etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda şu günler gowaça ekijileri abatlamak,bejermek,dikeltmek.şeýle-hem dişli boranalaryň 1535 sanysy ,malalaryň 149 sanysy,çizelleriň 33 sanysynyň abatlaýyş işleri talaba laýyk alnyp baryldy.

                     Biz hem TAP-nyň. etrap komitetiniňişgärleri we işjeň agzalary bolup,ýurdumyzyň agrar syýasatyny durmuşa geçirmekde,ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny,parahatçylyk taglymatyny wagz etmekde,oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşlerine düşündrmekde yhlasly zähmet çekeris,öz işlerimizi meýilnama esasynda durmuşa geçireris.

                  Baky Bitaraplygymyzy dabaralandyrýan, dünýäniň abadançylygynyň,halklaryň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna umumy adamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän,türkemeniň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýas.Goý Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak bolsun,alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap komitetiniň buhgalteri Läle Işankulyýewa