Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrün talaplaryna we şanly senelerine bagyşlanyp her bir ýyly döwrebap atlandyrylyp, täze-täze ösüşlere, geljekki üstünliklere badalga berilýär. Asyrlar boýy türkmen halkynyň hem aňynda hem ýüreginde ebedilik ýaşaýan beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň şu günki gün hem has belende göterilýändigini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän belent tutumlaryndan göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyryň hatyrasyny müdimi ýaşatjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygryny döretmegi, şu ýylyň adyny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy, bu türkmen halkynyň göwünlerini has-da galkyndyryp, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpasynyň beýikdigini aýdyň subut etdi.
Köp ýyllaryň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ebedi mirasy türkmen halkynyň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň Watanymyza, halkymyza söýgüsiniň nyşany bolan pähim-parasada ýugrulan şygyrlary, sagdyn jemgyýet, abadan durmuş hakyndaky dürdäne setirleri bitewilik, erkinlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini berkarar etmek hakyndaky çagyryşlary belentden ýaňlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan şygyrlary diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen edebi mirasy ylmy esasda öwrenilip, dünýä ýaýmakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde şahyryň goşgulary eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraý-mertebesiniň, halkymyzyň bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup köňüllere dolýar. Türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň köp dillere terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde beýik söz ussadyna we onuň mirasyna gyzyklanmany has-da artdyrýar.
Türkmen halkynyň baý edebi mirasy hem-de ene dili gymmatly ruhy hazynasydyr. Şöhratly taryhymyzda pähimdar pederlerimiz, akyldarlarymyz bu ruhy hazynany baýlaşdyrypdyrlar, ösdüripdirler. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem türkmen halkynyň ruhy hazynasydyr, gymmatly edebi mirasydyr. Şonuň üçin hem türkmen halky beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň mazmun we çeperçilik taýdan kämil baý döredijiligine uly sarpa goýýar. Şahyr özüniň giň dünýägaraýşyny ussatlyk bilen özüniň ajaýyp şygyr setirlerinde beýan etmegi başarypdyr. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragyny “adamzat kalbynyň şahyry” diýip buýsanç bilen belleýäris. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek asylly däpleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna giňden taýýarlyk görlüp, ony dabaralandyrmak maksady bilen dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň çäklerinde akyldar şahyryň baý edebi mirasyny içgin öwrenmekde döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlaryň guralmagy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga goýulýan gadyr-gymmatyň, bimöçber hormat-sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan hem 2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi meşhur söz ussadynyň döredijilik mirasynyň bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklaýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik taryhy şahsyýetleriň ruhlaryny belende götermekde, türkmen halkynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolup, beýik maksatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni Aýnatäç Nedirowa