Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Gök, bakja bol bolar

Akdepe etrabynyňN.Andalyp adyndaky geňeşligiň çäginde ýerleşýän ”Zemin açary” hususy kärhanasy diňe bir etrapda däl, eýsem welaýatymyzda hem gök, bakja ekinlerini ýetişdirmekde iri hojalyklaryň biri höküminde tanalýar. Geňeşligiň çäginde gök, bakja ekinlerini ýetişdirmekde baý iş tejribe toplan gök ekrançylar barmak büküp sanardan kän. Şeýle bolansoň her ýyl geňeşlik boýunça ýüzlerçe gektar meýdanda gök bakja ekinleriň bereketli hasyly kemala getirilýär.

“Zemin açary” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Bibijan Hallyýewa,  Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeler geçirmek baradaky talaplaryny amal etmäge öň hatarda girişenleriň biri. Ol 1048,13 gektar ýeri 99 ýyllyk kärendesine alyp, gök, bakja ekinlerini ýetişdirmäge elini çermäp girişdi.

Bibijan Hallyýewa  daýhançylyk tejribesine esaslanmak bilen, ýerde bir ýylda iki, üç hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Irki ýeralmanyň yzyna giçki käşir, gawun we beýleki giçki ekinler gowy bişip ýetişýär. Ýa-da güýzlük soganyň yzyna gowy ekinleri ekip, gowy hasyl almak mümkin.

“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda kärendeçi daýhan 626 gektar ýerde ýeralma, 10 gektar ýerde bakja, 101 gektar sogan, 10 gekta hyýar, 41 gektar pomidor, 12 gektar ýazlyk käşir, 1 gektar ýerde kelem ekinlerini ekip, kadaly gögeriş aldy.

Ýyl amatly gelen ýyllary eýýäm kärendeçi zenanymyz fewral aýynyň soňky günlerinde irki ýazlyk ekinleriň ekişine girişdi. Şonuň üçinem geçen ýyl gowy netijeler bilen jemlän kärendeçi şu ýyl öňki netijäni has hem ösdürmegi maksat edinýär. Gök, bakja ekinleriniň ýerlerde howanyň amatly günlerinden ýerlikli peýdalanyp, bir kemsiz idegini ýetirýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa