Ähli babatlarda bolşy ýaly Garaşsyzlyk oba hojalyk ulgamynyň hem maňlaýyndan diredi. Ýurdumyz öňki döwürde diňe bir pagta öndürýän ýurt bolan bolsa, indi öz bugdaýy bilen özüni doly ekläp bilýän döwlete öwrüldi. Diňe bir bugdaý däl, oba hojalyk ulgamynyň beýleki pudaklary hem şany ösüşleriň ýoluna düşdi. Gök ekrançylyk bakjaçylyk, maldarçylyk dünýä ülňülerine laýyk ösdürülýär.
Boldumsaz etrabynyň Aşgabat daýhan birleşigi bakjaçylyk pudagy bilen diňe welaýatymyzda däl eýsem ýurdumyz boýunça meşhurlyk gazanan hojalyklaryň biri. Daýhan birleşikde her ýyl gawunyň, garpyzyň, kädiniň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Bu ýerde ýetişdirilýän gawun garpyzlar, kädiler süýjiligi bilen adamlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolup durýar.
Daýhan birleşigiň bakjaçylary Hormatly Prezidentimiziň gök-bakja miwe önümleri bilen halkymyzy boldan üpjün etmek baradaky talabyna mynasyp jogap bermek ugrunda aladalanýarlar.
Şu ýyl daýhan birleşik boýunça gawunyň, garpyzyň, kädiniň 55 gektary ekildi. Hojalyk boýunça bakjaçy kärendeçileriň 14 sanysy bu behişdi nygmaty ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar.
Daýhan birleşigiň bakjaçy kärendeçilerinden Döwlet Mätsapaýew 1 gektar ýerde, Haljan Bekjanow 1,20 gektar ýerde gawun, Döwlet Meňlibaýew 1,50 gektar, Nurmuhammet Mämedow 0,80 gektar ýerde garpyz ösdürip ýetişdirýärler. Häzirki döwürde irki bakja ekinleri bişip başlady. Kärendeçiler özleriniň ýetişdiren bakja önümlerini ýurdumyzyň dürli bazarlaryna ugradýarlar.
Bakjaçylar özleriniň ýetişdiren önümlerini diňe bir etrabyň çäginde däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna, uly şäherlerine hem köplenç ugradýarlar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde olaryň ýetişdirýän bakja önümlerine isleg uly.
Berdiýewa Oguljemal Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň buhgalteri