Tomus paslynyň öz hökümini ýöredýän şu günlerinde şirin-şeker gawunlar ak bazarlarymyzda islegli önümleriň biri. Olaryň bereketli saçagymyzda her ýyl bol bolmagy üçin zähmetini, yhlasdyr alyn derini siňdirip gelýn başarjaň bakjaçylara näçe alkyş aýtsaň-da bärden gaýtýar.
Beýleki oba hojalyk ekinleri bilen birlikde bakja ekinleriniň-de bereketli hasylyny ýetişdirmek hem-de başarjaň bakjaçylarymyz üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesini, miwesini şu günki gün ak bazarlarmyzdaky şirin-şeker gawun- garpyzlaryň, kädileriň bolçulygy, bereketli hasyly bilen ölçemek mümkin.
Bakja ekinlerinden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biri hem tohumçylykdyr. Ýokary arkaly tohum almak üçin bakja ekinleriniň bişen döwründe olaryň iň naýbaşysyny saýlap almaly. Mysal üçin, gawunyň paçagynyň reňki sary, gyzyl ýa-da aralyk reňklere öwrülip üýtgeýär, garpyzdyr kädi hem bişen döwründe sortuna görä daşky reňki boýunça üýtgeýär. Gawunyň torunyň çyzyklary has görnükli bolýar. Birnäçe gawun sortlarynyň paçagynyň daşynda kiçijik jaýryklar emele gelýär. Ir bişer sortlar ýakymly ys berýär, orta bişer sortlaryň miwe sapaklary gawundan ýeňil üzülýär, giç bişer sortlarda tor emele gelip başlamagy gawunyň bişendigini aňladýar, garpyz bişende sapajygynyň ýanyndaky murtjagazy guraýar, kädiniň bişenleri reňkini üýtgedip has goýy reňke öwrülýär.
Azyklyk bakja ekinlerine esasan gawun, garpyz we kädi degişlidir. Zähmet sygymynyň aşak bolmagy hem-de bakja ekinleriniň agrotehniki çäreleriň geçirilşine möhlet babatda az talap edijiligi bu pudagyň beýleki pudaklar bilen utgaşykly alnyp barylmagyny ýeňilleşdirilýär. Gawun-garpyzyň täze çykarylýan sortlarynyň arasynda daşamaga oňaýly, kesele çydamly, tagamy boýunça has ýokary hilli sortlary bar. Gawuny we garpyzy azyk senagatynda gaýtadan işlemegiň gelejegi uly.
Arkadagly Watanda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda saçaklarymyzyň berekedi—naznygmaty hiç haçan egsilmesin!
Oguljan Baýramgylyjowa
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Murgap etrap komitetiniň başlygy