Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

GORAR SÜRÜNI, ÖÝI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýlarynyň şöhraty has alyslara gol ýaýratdy. Olaryň ähmiýeti, gymmaty täze derejelere göterildi. Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenilmegi-de çuňňur many-mazmuna eýedir.  Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär.

         Alabaý itlerimiz hemişe-de halkymyzyň wepaly dosty, gaýduwsyzlyk, mertlik batyrgaýlyk ýaly asylly häsiýetleri özünde jemleýän ynamdar goragçysy hasaplanypdyr. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda gyzykly maglumatlar anyk deliller arkaly beýan edilýär. Kitapda bellenilişi ýaly türkmen alabaýy wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr. Halkymyz irki döwürlerden bäri öý-ojagynyň, mal-mülkiniň goraglylygyny öz hemdemi bolan alabaýyna ynanypdyr. Biz muny taryhy çeşmelerimizden alabaýlaryň kyn pursatlarda çopan bilen deň durup, sürini harasatdan halas edişinden, eýesiniň mal-mülkini hüşgärlik bilen goraýşyndan bilýäris. Türkmen halky alabaý itini maşgalasynyň bir agzasy hökmünde ezizleýär.

         Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň seçilip alynmagy tötänden däldir. Türkmen alabaýynyň döreýşi halkymyzyň gelip çykyşy, taryhy kökleri bilen baglanyşyklydyr. Ýaşlara türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzda “Türkmenistanyň halk itşynasy” we “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlar, şeýle-de “Türkmen edermen” medaly döredildi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi geçirilýär hem-de ýeňijiler bu abraýly medallar bilen sylaglanylýar.

        Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komiteti tarapyndan Kerki çörek kärhanasynda “Gorar sürüni, öýi” ady bilen geçirilen wagyz-nesihat ýygnagynda hem Türkmen alabaý itleriniň asylly häsiýetleri, eýesine wepalylygy barada täsirli gürrüňler edildi.

        Halkymyzyň göz guwanjy we milli mirasy bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa