Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Göreldeli ideg edilýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kärendeçilere ýerden bol hasyl öndürip, döwlet harmanynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýokary hilli tohum, mineral dökünleri, tehniki hyzmatlary bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Döredilýän ýeňillikler üçin her bir babadaýhanyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Garyman Serdarymyza alkyşlary, sagbolsuny çäksizdir. Oba hojalygyny ylmy esasda  alyp barmak bilen ýerden, suwdan, tehnikadan, dökünden netijeli peýdalanmak, ekinleri toprak – howa şertlerine laýyk ýerleşdirip, ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmek ugrundaky tagallalara Daşoguz welaýatynyň oba zähmetkeşleri hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.“Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy” ýylynyň şu günleri Daşoguz welaýaty boýunça  bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögeriş alnyp, häzirki wagtda maýsaly meýdanlara ösüş suwuny tutmak  işleri alnyp barylýar. Boldumsaz etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň tejribeli gallaçy kärendeçileri maýsalaryň idegini ýetirmek boýunça işlere aýratyn ähmiýet berýärler. Häzirki günlerde kärendeçiler bugdaý meýdanlarynda maýsalara ösüşiň ikinji dökün iýmitlerini bermek işlerini şeýle-de haşal otlara garşy derman serişdelerini bermek işlerini alyp barýarlar. Kärendeçiler endigan gögeriş alnan maýsaly meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, dökün iýmitlerini bermek işlerinde aýratyn tapawutlanýarlar. Olar bu jogapkärli işiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirilmegini gazanýarlar. Boldumsaz etrabynyň gallaçy kärendeçileriniň göreldeli işleri, olaryň ekin meýdanlaryndan  ýokary hasyl alyp, yhlaslarynyň ýerine düşjekdigine ynamy artdyrýar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň işjeňleri kärendeçiler bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap olara gerekli ýardamlary berip, armalaryny ýetirip durýarlar.

Türkmenistabyň Agrar Partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň  baş hünärmeni Baýram Amangeldiýew