“Gözel bardyr gözellerden zyýada, onuň hyzmatynda durasyň geler-Edepli ekramly mylaýym zada, tä ölinçäň bile gezesiň geler” diýip akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem öz goşgylarynda zenanlarymyzyň edep-ekramlylygyny, gözelligini, mähirliligini çeper beýan edipdir. Hakykatdan hem zenanlarymyz öý ojagyň synmaz söýesi, maşgalada mähriban ene, wepaly ýan ýoldaş, mährem uýa. Dünýäniň bar görki enedir-ene diýilşi ýaly dünýäniň ähli gowlyklaryny biz zenanlarda, mährem enelerde görýäris. Her ýyly 8-nji mart Halkara zenanlar güni ýurdymyzda giňden bellenilýär, zenanlarymyzyň sarpasy belnet tutylýar. Köp çagaly enelere "Ene mähri" diýlen hormatly adyň dakylmagy, zähmetde, işde, durmuşda aýratyn tapawutlanan zenanlara "Zenan kalby" ordeniniň berilmegi, her ýyly halkara zenanlar güni mynnasybetli pensioner enelerimize, çagalar baglarynda terbiýelenýän, orta meldeplerde okaýan, talyp gyzlara, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarmyza pul sowgatlaryň berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen zenanlara goýulýan sylag-hormatyň çäksizdigini tassyklaýar. Häzirki wagtda etrabymyzyň ähli ýerlerinde pensioner ene-mamalarymyza, çagalar baglarynda terbiýelenýän, orta mekdeplerde okaýan gyzlara, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlarmyza hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşyrylýar.
Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň işgärleri oba hojalyk edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işjeň zenan agzalarymyza 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlaryny gowşyrýarys. Munuň özi zenanlaryň işe bolan höwesini artdyrmaga uly mümkinçilik berýär. Özleriniň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan bagtyýar zenenlarymyz zenanlara belent sylag hormat goýýan, zenanlaryň mertebesini belent tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Halkara zenanlar güni bilen ähli enelerimizi, gelin-gyzlarmyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Baýramyzyň gutly bolsun.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Gülhumar HOJAHMETOWA