Saparmyrat Türkmenbaşy etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Şu günler etrabymyzyň haýsy daýhan birleşigine baryp synlasaňda päk zähmetiň möwç urýandygny görmek bolýar. Etrabymyzyň 8-nji Mart daýhan birleşigi hem bu möhüm möwsüme ähli taraplaýyn ykjam taýarlykly gelip gowaça ekişini agrotehnikalaryň talaplaryna görä geçirilýär. Şu ýyl hojalyk boýunça 1250 gektar ýere gowaça ekmek, bereketli altyn güýzünde 2 müň 400 tonna ak altyn öndürmeklik bellenen. Bu ugurda 14-sany kärendeçiler toparynda pagtaçy kärendeçileriň 227-den gowragy zähmet çekýärler. Häzirki günlerde gowaça ekişi hojalygyň Potykow Nurgeldi ýolbaşçylyk edýän 3-nji kärendeçiler toparynyň ekin meýdanlarynda gyzgalaňly alnyp barylýar. Ähli agrotehniki çäreler pugta berjaý edilip, ekişe birkemsiz taýýar edilen ýerlerde tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Gökgözow Geldimyrat özüniň “СLASS” kysymly traktory bilen her gün 20,0 gektar ýerde çuň sürüm işini geçirýär. Sürülen ýerleri çizillemekde daýhan birleşigiň mehanizatorlary Şamyradow Toýly, Öräýew Rejepgylyç, mala basmakda Mämethanow Suhanberdi ýadawsyz zähmet çekýärler. Şahsy hojalyklara degişli mehanizatorlar hem bu möwsüme işjeň gatnaşyp, Annamedow Pirmät tohum daşamakda gaýratlylyk görkezýär. Ekişe taýýar edilen ekmekde tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizator Kakaýew Mekan özüniň tehnikalaryny hemişe saz işledip her güni 24,0 gektar ýer-de ekiş geçirilýär. Hojalykda ähli işleriň öz wagtynda utgaşykly alnyp barylmagy ekişi irki möhletde gutormaklyga uly mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrap komitetiniň buhgalteri Saparow Döwletgeldi Amangeldiýewiç