Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynda Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişine başlandy.
Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän öňden görüjilikli oba syýasatynyň netijesidir.Şol syýasat milli obasenagat toplumynyň kuwwatyny durmuşa geçirmäge,ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilendir.
Bu ulgamda düýpli düzümleriň özgerdilmeginiň netijesinde oba senagat pudagynyň netijeliligi ýokarlanýar.Şol özgertmeleriň çäklerinde oba senagat toplumyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün edilmegi, tohumçylygy,ylmy we seçgiçiligi ösdürmäge, agrotehnikanyň hem-de tehnologiýalaryň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga köp möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär.
Görogly etrabymyz boýunça 17 müň 500 gektara gowaça ekiş möwsümi başlandy. Ekişe gowaçanyň orta süýümli görnüşiniň saýlama tohumlary taýýarlanyp gyzgalaňly ekişe girişildi.
Asylly däbe görä, etrabymyzyň daýhan birleşikleriniň ählisinde gowaça ekişine ýasulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi.Soňra mehanizatorlar işe girişerler. Şu ekiş möwsüminde etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda dürli kysymdaky traktorlaryň ýagny Jon Der traktorlaryň 31 sanysy, Klass traktorlaryň 29 sanysy, AHOs traktorlaryň 35 sanysy ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün etmek üçin taýýar edildi.
Pagtaçylyk pudagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir.Bu pudakda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi esasynda obasenagat toplumynyň netijeliligi ýokarlanýar.
Hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek, gowaça ösdürüp ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berjaý etmek,oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini hem-de mineral dökünleri rejeli peýdalanmak, ösümlikleri zyýan beriji mör-möjeklerden we haşal otlardan goramak üçin ähli çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirmekde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Görogly etrap komitetiniň işgärleri tarapyndan hem wagz-nesihat çärleri guramaçylykly alnyp barylýar.Şeýlede daýhanlarymyzyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, öňde baryjy kärendeçileri agrar partiýamyzyň adyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandyrýarlar. Hormatly Prezidentimiziň obasenagat syýasatyny durmuşa geçirmekde wagz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler.
Şeýle tutumly işleriň sakasynda durmak bilen daýhanlarymyzyň päk we halal zähmetiniň hözirini görüp, eşretli durmuşda ýaşamaklary ugrunda yzygiderli alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny arzuw edýärin.Goý olaryň janlary sag bolsun, döwletli başlangyçlary has-da rowaç alsyn! Edermen daýhanlarymyzyň häzirki günlerde ýere taşlan her bir tohumlarynyň müňläwermegini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap komitetiniň Baş hasapçysy Işankulyýewa Läle