“Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynda Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi üçin taýýarlyk başlandy. Pagta ýygymy tamamlanan meýdanlarda täze ýylda gowaça ekmek maksady bilen agrotehniki çäreleriň wagtynda talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň hasyllylygyň ýokarlanmagyna düýpli täsir edýär.
Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän öňden görüjilikli oba syýasatynyň netijesidir.Şol syýasat milli obasenagat toplumynyň kuwwatyny durmuşa geçirmäge,ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilendir.
Bu ulgamda düýpli düzümleriň özgerdilmeginiň netijesinde oba senagat pudagynyň netijeliligi ýokarlanýar.Şol özgertmeleriň çäklerinde oba senagat toplumyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün edilmegi, tohumçylygy,ylmy we seçgiçiligi ösdürmäge, agrotehnikanyň hem-de tehnologiýalaryň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga köp möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär.Pagta arassalaýjy senagat döwrebaplaşdyryldy, welaýatlarda häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalary guruldy.
Ynha şu ýyl hem Görogly etrabymyz boýunça 17 müňden gowrak gektara gowaça ekiler.Ekişe gowaçanyň orta süýümli görnüşiniň saýlama tohumlary taýýarlandy.Pagtanyň orta süýümli görnüşleri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ösdürülip ýetişdirilýär.
Şu ekiş möwsüminde Etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda dürli kysymdaky traktorlaryň ýagny Jon Der kysymly traktorlaryň 31 sanysy, Klass kysymly traktorlaryň 29 sanysy, AHOs kysymly traktorlaryň 35 sanysy, Dökün sepijileriň 27 sanysy, gowaça kuliwatorlaryň ýagny çizel çekijileriň 29 sanysy, barana geçirjileriň 1535 sanysy, mala geçirijileriň 149 sanysy şeýle-hem ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün etmek,beýleki agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan oba hojalyk gurallary işlediler.Olar göçme ussahanalar, zerur enjamlar hem ýangyç daşamaga niýetlenen awtoulaglar bilen üpjün edildi.Täze oba hojalyk möwsüminde etrabyň hem-de daýhan birleşikleriň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 13 sanysy taýýarlanylýar.Olar pagtaçylaryň ekologiýa taýdan arassa hem-de gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan ykdysady taýdan bähbitli bioönüm bilen üpjün ederler. Ekişiň öňisyrasynda etrabymyzda, daýhan birleşiklerinde obany mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhüm meselelerine bagyşlanylan,obasenagat toplumynyň depginli ösüşini,ýokary düşewüntliligini,oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini durnukly artdyrmagy üpjün etmek boýunça okuw maslahatlar geçiriler.”Ak altynyň” hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürüp ýetişdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler şol okuw maslahatlaryna gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolar.
Hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek, gowaça ösdürüp ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berjaý etmek,oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak,suw serişdelerini hem-de mineral dökünleri rejeli peýdalanmak,ösümlikleri zyýan beriji mör möjeklerden we haşal otlardan goramak baradaky gürrüňler şol okuw maslahatlarynda öňde goýulan meseleleriň biri bolar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirmekde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Görogly etrap komitetiniň işgärleri tarapyndan hem wagz-nesihat çärleri guramaçylykly alnyp barylýar.Bu çäreler barada syýasy partiýanyň agzalary bilen birlikde radioýaýlymlarda teleýaýlymlarda hem-de metbugat sahypalarynda çykyşlar geçirýärler.Şeýlede daýhanlarymyzyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, Hormatly Prezidentimiziň obasenagat syýasatyny durmuşa geçirmekde wagz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler.
Şeýle tutumly işleriň sakasynda durmak bilen daýhanlarymyzyň päk we halal zähmetiniň hözirini görüp, eşretli durmuşda ýaşamaklary ugrunda yzygiderli alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny arzuw edýärin.Goý olaryň janlary sag bolsun, döwletli başlangyçlary has-da rowaç alsyn!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap komitetiniň Baş hasapçysy Işankulyýewa Läle