Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Gowaçalar zyýan berijilerden goralýar.

          Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer babadaýhanlary Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda 18000 gektar ýerde döwletimiziň iň bir gymmatly baýlygy bolan ak-altynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Pagta kärendeçiler üçin awgust aýy gowaçanyň ideginde iň bir jogapkärli döwür hasaplanýar. Häzirki wagtda kärendeçiler gowaçalara ösüş suwyny tutmak, gowaçalaryň ujyny çyrpmak we gül gunçalara beslenip otyran gowaçalary zyýan beriji mör-möjeklerden goramak işini dowam etdirýärler. Daşoguz welaýat Ösümlikleri goramak bölüminiň Köneürgenç etrabyndaky baş hünärmeni Nuraly Baýatow bilen söhbetdeş bolanymyzda gowaçalary zyýan berijilerden goramak boýunça etrabymyzda alnyp barylýan işler dogrusynda şeýle gürrüň berdi.

-          Etrapda jemi 17-ny   bio labaratorýalar-da gerekli bio önümler taýýarlanýar. Daýhan birleşiklerde, dökünhimiýa bazasynda, pagta arassalaýjy kärhanasynda hereket edýän bu  labaratorýalarda öz işine ezber işçi, hünärmenler zähmet çekip, taýýarlanýan bio önümleriň ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar. Etrabymyzyň gowaça meýdanlaryna altyngözlije, trihogramma  doly goýberilip gutaryldy. Şu günleri  gabrabrakon  goýbermek işi hünärmenleriň  gözegçiligi astynda amala aşyrylyp, her güni 700 gektardan gowrak ýere goýberilýär.  Ekinleri zyýan berijilerden goramakda “Akgala”, “Bereket”, “Maslahat”, “Täzeýap”, “Derýalyk”, “Zaman” daýhan birleşikleri iş görkezijileri bilen aýratyn tapawutlanýar. Ekinleriň biologik  usulda goralmagy bol hasylyň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýe. Hut şunuň bilen baglylykda bio labaratoriýa işgärleri bu işi öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegi ugrynda gün-günden iş depginlerini barha batlandyrýarlar.

 Gülhumar   HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç  etrap  komitetiniň esasy hünärmeni