Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde gijesini gündiz edip zähmet çekýan babadaýhanlarymyz! 2024-nji ýyl “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem, berekede dolup-daşyp gelen döwletimizde, senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan “ ak-altynyň” bol hasylyny öndürmegi maksat edinýän etrabymyzyň edermen babadaýhanlary ýaz paslynyň häzirki gyzgalaňly dowam edýän günlerinde, gowaçalara hemmetaraplaýyn ýokary hilli ideg edip gaýratly zähmet çekýärler. Meýdan işlerinde Dänew etrabynyň daýhan birleşikleriniň kärineçi ussat agzybir babadaýhanlary, özleriniň ýadawsyz hem-de yhlasly zähmeti bilen öňe saýlanýarlar. Gowaçanyň bitginli hasylynyň kemal getirilmegini ähli zatdan ileri tutýarlar. Munuň şeýledigini ösüp oturan gowaça meýdançalary göze mese mälim bolup görünüp dur. Özboluşly ýaraşyk berip, güni sanap ösüp oturan gowaçalara dürli ideg çärelerini ýerine ýetirilmegi üçin edermen kärendeçilerimiz ir säherden ekin ýerlerine baryp, janyp - keşlik bilen zähmet çekýändikleri bildirip gözüni dokunyryp dur. Altyna deňelýän pagtanyň öndürilişinde her bir ýyly gowy netijiler bilen jemleýän . Dänew etrabynyň ökde kärendeçiler hem bu ýyl pagtany öz wagtynda ýetişdirmekde täze sepgitlere çykmagy, maksat edinýändigi tekrarlady. Häzirki günlerde gowaça meýdançalarynda ýekelew (otag) işleri geçirilip, daýhan birleşigimiziň käbir ýerlerinde ösüş suwlary tutulup dur. Ýerden doly gögeriş alynan gowaçany göreniňde, daýhanlaryň topraga yhlas siňdirip bilendigine göz ýetirýärsiň. Göm gök bolup gün sanap barýan gowaçalaryň ähli bejergileri öz wagtynda berjaý edilip barylýandygy aýdyň görünüp dur.Dänew etrap Parahat daýhan birleşiginde boý alýan gowaçalar mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirilýär. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň oba hojalygyny ösdürmekde öňde goýan aýdyň wezipelerine alyp barýan işler biziň syýasy partiýamyzyň geljekki işleriniň täze badalgalaryny berýär we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklige has-da ruhlandyrýar. Şeýle hem Garaşsyz, baky Bitarap ata-watanymyzda, ildeşlerimiziň her biriniň çekýän asylly zähmmetine uly sarpa we hormat goýulýar. Oba hojalygyny düýpli özgertemek baradaky aladalaryny, daşary we içeri syýasatyny raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Dänew etrap komitetiniň agzybir işgärleri, Dänew etrap döwlet edara kärhanalarynda, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň arasynda ýygy ýygydan. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmenistan döwletimizde alyp barýan syýasatyny halkyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirip, öňde baryjy işjeň agzalryna höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandyrýar. Goý Türkmen Halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata watanymyz has-da gülläp össün! Halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömrleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Dänew etrap esasy hünärmeni Dilraba Şaýmerdanowa