“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Akdepe etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 32000 gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirýärler. Etrabyň “Pagtçylyk” daýhan birleşigi boýunça 800 gektar, “Hakykat” daýhan birleşigi boýunça 950 gektar, “R.Ataýew” adyndaky daýhan birleşigi boýunça 1500 gektar, “S.Çerkezow” adyndaky daýhan birleşigi boýunça 960 gektar meýdanda gowaça ekilip ideg edilýär.
Bu daýhan birleşiklerde ylyň-ýylyna “ak-altynyň” bereketli hasyly kemala getirilýär. Daýhan birleşiklerde şu günler gowaçalara ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Hapa-haşal otlardan arassalamak, hatarara bejergi geçirmek, iýmitlendirmek işleri öz wagtynda we talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle bolansoň ähli daýhan birleşikleriň meýdanlarynda gowaçalar kadaly boý alýarlar.
Etrapda gowaçalaryň hatarara bejergisine uly ähmiýet berilýär. Daýhan birleşikleri boýunça häzirki günlerde birinji hatarara bejergi işleri geçirmek dowam edýär. Bu işde bejergi traktorlaryň 142 sanysy öndürijilikli işledilýär. Bäşim Hebiýew, Gurbangeldi Gylyjow, Döwlet Babaýew, Nobatgeldi Garlyýew ýaly mehanizatorlaryň ýadowsyz zähmeti netijesinde her günde onlarça gektar meýdanda bejergi işleri alynyp barylýar. Şu günler daýhan birleşiginde gowaçalara ösüş suwuny tutmak işleri-de gije-gündizleýin dowam edýär.
Maýsa Öwezowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni