“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Akdepe etrabynyň pagtaçy-kärendeçileri 18000 gektar meýdanda gowaçalaryň kadaly gögerşini aldylar. Mollanepes daýhan birleşigi diňe bir Akdepe etrbynda däl, eýsem welaýatymyzda iri öňdebaryjy pagtaçy etraplaryň biri. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hem etrapi boýunça pagtaçy- kärendeçileriň 1104–si 2050 gektar meýdanda ekilen gowaçanyň ideg işlerini ýerine ýetirýärler.
Şu günler daýhan birleşigi boýunça hatarara bejergi geçirýän traktorlaryň 16-sy öndürjilikli işledilýär.
Gowaçalara mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işi tamamlaýjy tapgyrlarda alynyp barylýar. Bu işde zähmet çekýän, ýagny hatarara bejergi işlerini geçirýän mehanizatorlar Gulmuhammet Kakyşow, Ýomut Çaryýew, Myrat Kakaýew dagynyň hyzmatyndan pagtaçy kärendeçiler hoşal.
Daýhan birleşiginde gowaça ýetişdirmegiň abyny-tabyny kemsiz ele alan ussat pagtaçylar sanardan köp. 2 gektar meýdanda gowaça eken Amanmät Seýidowyň, 6 gektar meýdana gowaça eken Bahargül Araztaganowanyň, 2 gektar meýdana gowaça eken Berdimyrat Kakaýewiň, kärende ýerlerinde ösýän gowaçalara bu ýyl hem gowy boý aldylar we hasyla durdylar.
Daýhan birleşigiň pagtaçy-kärendeçileriň her bir agrotehniki çäräni öz wagtynda geçirip, gowaçalaryň kadaly boý almagy ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. “Ak altynyň” bereketli hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýän pagtaçy-kärendeçiler daýhan birleşigiň ähli ýerlerinde gowaçalaryň ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär.
Maýsa Öwezowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni