Köneürgenç etrabynda öňdebaryjy hojalyklaryň biri bolan “Hakykat” daýhan birleşigi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şu günleri ýerleri güýzlik bugdaý ekişine taýýarlamak, gowaçalara göreldeli ideg etmek işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Şu ýyly hojalygyň pagta kärendeçileri 820 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirýärler. Hojalykda 9 sany kärendeçiler topary bolup, 68-ny kärendeçini özünde jemleýär. Häzirki wagtda kärendeçiler toparynyň ählisinde ir ertirden tä giç agşama çenli päk zähmet gaýnap joşýar. Bejergi işinde daýhan birleşigiň tehnikalaryň 3-sy işledilip, her güni 30 gektar ýere hatar ara bejergi işi talabalaýyk geçirilýär. Gowaçalara hatarara bejergi işini geçirmek bilen bir hatarda ikinji ösüş suwyny tutmak, gowaçalaryň ujyny çyrpmak işleri alnyp barylýar. Hojalykda suw soryjy enjamlaryň 2-si hereket edip, olaryň gije-gündiziň dowamynda saz işledilmegi gazanylýar. Her güni 35-40 gektar ýere ösüş suwy tutylýar. Gowaçalara ösüş suwyny tutmakda Soltanmyrat Şamyradow, Amanmyrat Nazarow dagylar ýolbaşçylyk edýän 7,8-nji kärendeçiler toparynda has-da ýokary depginlerde barýar. Daýhan birleşigiň kärendeçileri boýy ýeten gowaçalaryň ujyny çyrpmak işiniň geçirilmegine aýratyn uly üns berilýär. Gowaçanyň ujyny çyrpmak işleri köp el güýjini talap edýär. Bu işi kärendeçiler maşgala agzalary bilen ýerine ýetirýärler. Çyrpma işleriniň öz wagtynda geçirilmegi gowaçalaryň bol hasyl toplamagyna ýardam berýär.
Mekan HUDAÝBERDIÝEW Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji