Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Agrar partiýanyň Çärjew etrap komitetiniň işgärleri, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň şeýlede Lebap welaýat maliýe we ykdysadyýet orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda altyn güýziň daş töweregiň ajaýyp keşbe eýe bolýan pursatlarynda suratlaryň üsti bilen waspyny ýetirmek boýunça talyplaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige tanymal halypa suratkeşler heýkeltaraşlar, nakgaşlar çagyrylyp olardan düzülen emin agzalary tapawutlanan suratlara synlaryny berip ýeňiş gazanan suratçyny yglan edip Türkmenistanyň Agrar partiýanyň Çärjew etrap komiteti tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşyryldy. Şeýlede Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri güýz paslynda edilýän agrotehniki çäreleriň geçiriliş usullary dogrusunda ýörite taýarlanylan görkezme esbaplaryň üsti bilen wagyz-nesihat düşindiriş işleri geçirilip taýarlanan guşlaryň haýwanlaryň gerbäpleriniň üsti bilen türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsine bolan söýgüniň has artmagyna tagallalar edildi.
Duşuşugyň esasy maksady tebigatyň eçilen gözelliklerini wagyz etmekden tebigata söýgi döretmekden ybarat boldy. Çykyşlaryň ýörite görkezme esbaplar gerbäpler, suratlar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa olaryň täsirliligini artyrdy.
Türkmenistanyň Agrar partiýanyň Çärjew etrap komiteti buhgalteri Nasiba Durdybaýewa