Daşoguz Tokaý hojalygynyň işgärleri ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmek işine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Kärhanada miweli, saýaly, pürli agaçlaryň üzümiň, tudyň, bezeg gülleriniň onlarça görnüşini köpeltmek işi alynyp barylýar. Tokaý hojalygynyň işgärleri agaç nahallaryny oturtmagyň her ýyldaky ýazky we güýzki möwsümine köp mukdarda agaç nahallaryny ýetişdirip edara kärhanalara, daýhan birleşiklerine, şahsy hojalyklara ugradýarlar.
Tokaý hojalygynyň işgärleri üçin aýgytlaýjy möwsüm agaç nahallary oturtmagyň güýzki möwsümi ýakynlap gelýär. Bagbanlar geljek ýylyň ýazky ekiş möwsümi üçin agaç tohumlaryny ýygnamak işini ýaz nahallarynyň ideg işleri bilen utgaşykly alyp barýarlar.
Kärhanada agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribe toplan bagbanlaryň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan Kemal Mämmedow, Gurban Allabaýew Kurambaý Hallyýew ýaly bagbanlaryň idedýän nahallary has gowy boý alýanlygy bilen tapawutlanýar.
Tokaý hojalygynyň bagbanlary ýazky ekiş üçin miweli agaçlaryň tohumynyň 30 kilogramy, pürli agaçlaryň tohumynyň 120 kilogramy, sazagyň tohumynyň 200 kilogramy, miweli agaçlaryň nahallarynyň 45 müň düýbi, pürli agaçlaryň 175 müň düýbi, sazagyň 150 müň düýbi, tudyň 40 müň düýbi taýýarlanyldy.
Kärhananyň bagbanlary agaç nahallaryny oturtmagy ýazky möwsümi üçin niýetlenen nahallaryň ideg işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.
Oguljemel Berdiýewa
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hasapçysy.