Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Güýzlik bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär.

Köneürgenç etrabynyň Pagtaçy daýhan birleşiginiň galla kärendeçileri  Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda 850 gektar ýere güýzlik bugdaý ekişini geçirmek geljek ýylda şonça gektar ýerden 1615 tonna galla öndürmegi göz öňünde tutýarlar.   Häzirki wagtda güýzlik bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Ähli işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy netijesinde şu günki güne çenli 132 gektardan gowrak meýdana ekiş geçirildi. Ekiş möwsümine etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tehnikalarynyň 4-sy, daýhan birleşigiň tehnikalarynyň 2-sy gatnaşýar. Bu tehnikalara Nobat Myradow, Begenç Arazow, Bazargeldi Narbaýew, Eziz Kösäýew, Döwletmyrat Hangeldiýew, Şageldi Meredow dagylar erk edip sürüm, mala basmak, ekiş geçirmek, tohum daşamak, dökün bermek ýaly agrotehniki çäreleri ýokary hil derejesinde berjaý edýärler. Ähli işleri utgaşykly alnyp barylmagy netijesinde her güni hojalykda 10 gektar ýerde ekiş geçirilýär. Gurbangeldi Gazakmedow, Atamyrat Saryýew, Göwher Kakaýewa, Meretgeldi Begşerow ýaly kärendeçiler irki möhletde ekiş geçirip bu kärendeçileriň ekin meýdanlarynda bugdaý maýsalary gögerip başlady. Galla kärendeçiler bugdaý maýsalaryna göreldeli ideg etmek, ýaşajyk bugdaý maýsalarynyň kadaly ösüşini gazanmak ugrynda  aladalanýarlar.

 Gülhumar   HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç  etrap  komitetiniň esasy hünärmeni.